Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Daşoguzda Medeniýet hepdeligi-2020-niň açylyş dabarasy boldy
Ýazylan wagty: 23 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Daşoguzda Medeniýet hepdeligi-2020-niň açylyş dabarasy boldy
22-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Ruhyýet köşgüniň öňündäki «Görogly» meýdançasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.
 Aýdyň öwüşginli meýdançadaky baýramçylyk ýörişinde belli teatr artistleri, estrada hem-de halk aýdymçylary, muzeý we kitaphana işgärleri, suratkeşler, şahyrlar, döredijilik toparlary hem-de meşhur folklor we etnografiýa toparlary geçdiler.
 Dabara hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
 Çykyşlaryň dowamynda meşhur hüwdi aýdymlary, läleler, gopuzyň, tüýdügiň we dutaryň owazlary ýaňlandy, gadymy tanslar ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parahatçylygyň, dostlugyň we ýer ýüzünde halklaryň doganlygynyň ilçileri hökmünde ak kepderileri asmana uçurdylar.
 Beýik şahyryň we akyldaryň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormatyň nyşany boldy. Halk sazandalary we dessançylar, şeýle hem belli daşoguzly bagşylaryň çykyşlary tomaşaçylaryň ruhuny göterdi.
 Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli çäreler şäheriň, Dostluk seýilgähinde dowam etdi, bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem muzeý gymmatlyklary görkezildi.
 Döredijilik çäresiniň birinji güni «Görogly» meýdançasynda açyk asmanyň astynda belli aýdymçylaryň gatnaşmagynda guralan «Bitarap Watanym — ýürek joşgunym» atly uly baýramçylyk konserti bilen jemlenildi.
 23-nji iýunda Medeniýet hepdeligi-2020-niň çäklerinde çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik agşamy geçiriler, «Beýik Ýüpek ýoly» çeper filminiň görkezilişi bolar. Hepdelige gatnaşyjylar welaýatyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen hem tanşarlar.
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05353 sek. ýüklenen baýt: 31363