Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Aşgabatdaky amerikan diplomatik missiýasynyň hereketleri netijesiz häsiýetli — Türkmenistanyň DIM-i
Ýazylan wagty: 24 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Aşgabatdaky amerikan diplomatik missiýasynyň hereketleri netijesiz häsiýetli — Türkmenistanyň DIM-i
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry maglumatlar ýerleşdirilipdir.
 Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar.
 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa meňzeş maglumat “feýkleriniň”, ýagny toslamalarynyň howaýydygyny hem-de hakykata laýyk däldigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýörite maksatlary yzarlaýan we tassyk edilmedik maglumatlara esaslanýan habarlaryň ýaýradylmagyna ýol berilmeli däldigi barada Ministrligiň wekilleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisine öň birnäçe gezek mälim edipdiler.
 Türkmen tarapy, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşiň açyklyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, diplomatik korpus we daşary ýurt žurnalistleri üçin temalaýyn duşuşyk-brifingleri yzygiderli geçirilýär. Olaryň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler barada ýokary derejedäki doly bolan maglumatlar berilýär.
 Gynansak-da, amerikan tarapy, çakylyklara garamazdan, şeýle duşuşyklara gatnaşmaýar.
 Ýokarda aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabatdaky amerikan diplomatik missiýasynyň hereketleriniň netijesiz häsiýetlidigini aýan edýär.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05537 sek. ýüklenen baýt: 30987