Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
«Beýik Ýüpek ýoly» atly taryhy filmiň ilkinji görkezilişi boldy
Ýazylan wagty: 24 июня 2020 Ýazan NEXTTM
«Beýik Ýüpek ýoly» atly taryhy filmiň ilkinji görkezilişi boldy
23-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
 Tanyşlyk gezelenjiniň çäklerinde medeni foruma gatnaşyjylar häzirki Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Zamahşar şäherine — XI-XII asyrlaryň ajaýyp türkmen alymy – ensiklopediýaçysy, filosofy, dini öwreniji Mahmyt Zamahşarynyň watanyna baryp gördüler.
 Şeýle hem şu gün Ýaşlar kölüniň kenaryndaky meýdançada «Bitaraplygyň mekanynda – bagtyýar çagalyk» atly köp öwüşginli çagalar baýramçylygy geçirildi.
 Soňra medeni forumyň çäreleri ilkinji gezek S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba Medeniýet öýünde dowam etdi.
 Soňra bu ýerde milli medeni syýasaty durmuşa geçirmek babatda kino sungatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
 Soňra Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinematografiýaçylary tarapyndan döredilen «Beýik Ýüpek ýoly» atly taryhy filmiň ilkinji görkezilişi boldy.
 Dabaralar agşam Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde ýerleşýän Magtymguly meýdançasynda dowam etdi.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06754 sek. ýüklenen baýt: 30699