Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Braziliýada koronawirusy ses boýunça ýüze çykarmagy öwrenýärler
Ýazylan wagty: 24 июня 2020 Ýazan NEXTTM
Braziliýada koronawirusy ses boýunça ýüze çykarmagy öwrenýärler
Braziliýada Spira taslamasy (“dem al” ýa-da “ýaşa”) işe başlady, onuň awtorlary sözleýşi analiz etmegiň esasynda koronawirus üçin häsiýetli bolan dem alyş näsazlyklaryny ýüze çykaryjy ulgamy döretmek bilen meşgullanýarlar. San-Paulu ştatynyň uniwersitetiniň alymlarynyň pikirleri barada “Rus gazeti” neşiri ýazýar. Bu barada planet-today.ru habar berýär.
 San-Paulu uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň garamagyndaky klinikanyň işgärleri, şeýle-de ýokary okuw jaýynyň garamagynda hereket edýän matematika we statistika institutynyň hünärmenleri COVID-19-yň irki tapgyrynda dem alşyň näsazlyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berjek ulgamyň üstünde işleýärler. Döredilýän ulgam sesiň analizinde esaslandyrylan, alymlar koronawirusda dem alyş ýetmezçiliginiň netijesinde bolup geçýän gepleýiş endigindäki üýtgeşmelere üns berdiler. Koronawirus bilen kesellänleriň sesi sagdyn adamlaryňkydan tapawutlanýar eken.
 “Ideýa örän ýönekeý. Ulgam, meselem, telefon boýunça gürleşilende ýazylan adamyň sözleýşini seljerýär we gyssagly lukmançylyk kömeginiň zerurlygyny görkezýän dem alyş näsazlygyny ýüze çykarýar” – diýip, Spira taslamasynyň awtorlarynyň biri Marselo Finjer gürrüň berýär.
 Ulgam taýýarlanylan wagtynda alymlar San-Paulu uniwersitetindäki klinikada bejergi alýan, COVID-19-ly adamlardan ýazdyrylyp alnan sözleýiş nusgalaryny seljerdiler. Emeli intellekte ýakyn algoritmler bilen geçirilen analiz indi koronawirusly kesellilerden dem alyş bilen bagly näsazlyklary ýüze çykarmak üçin ulanyp boljak maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.
 Braziliýanyň saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlary boýunça, geçen gije-gündizde koronawirus bilen 21,4 müň adam keselledi, 654 adam ýogaldy. Braziliýada koronawirus jemi 1,1 mln adamda ýüze çykaryldy, 572 müň adam sagaldy, 51 müň adam ýogaldy.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05934 sek. ýüklenen baýt: 31027