Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýaponiýanyň Fugaku kompýuteri COVID-19-y bejerip biljek dermanlary saýlaýar
Ýazylan wagty: 06 июля 2020 Ýazan NEXTTM

 Ýaponiýanyň Fugaku kompýuteri Kiot uniwersitetiniň barlagçylar toparyna 2000-den gowrak bar bolan dermanlardan koronawirus infeksiýasyny bejermek nukdaýnazaryndan geljegi bar bolan onlarça derman serişdelerini saýlamaga kömek etdi. Bu barada The Jiji Press habarlar gullugyna salgylanmak bilen rossaprimavera.ru habar berýär.

Habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Kiot uniwersitetiniň we Fugaku superkomýuterini işläp düzmek bilen meşgullanýan Riken ylmy-barlag merkeziniň barlag geçiriji topary ähli bar bolan derman serişdelerini gözden geçirýärler we olaryň arasyndan koronawirusyň ösüşine jogap berýän beloklar bilen özara herekete girip biljek we olary hereketsiz ýagdaýa geçirip biljek dermanlary kesgitleýärler.

Dünýäde iň çalt kompýuter hasaplanylýan Fugaku superkompýuteri bu barlag işinde molekulýar derejesinde geçýän hadysalary modelirleme üçin ulanylýar. Alymlar toparynyň habarlar gullugyna beren maglumatlary boýunça, Fugaku 2128 sany bar bolan dermanlaryň işini modelirleme üçin 10 gün sarp etdi we olaryň arasyndan beloklar bilen ýeňil aragatnaşyga girýän onlarça dermany saýlady.

Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09966 sek. ýüklenen baýt: 29891