Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Nemes alymlary beýniniň işlemegi üçin gerek bolan kislorodyň möçberini hasapladylar
Ýazylan wagty: 06 июля 2020 Ýazan NEXTTM

 Maksimilian Mýunhen uniwersitetiniň neýrobiologlary beýniniň öz işini ýerine ýetirmegi üçin näçeräk kislorody sarp edýändigini bildiler. Olaryň maglumatlary boýunça, bu organa organizme barýan kislorodyň 25 göterimi gerek, ýöne diňe beýni rahat ýagdaýynda. Eger-de ol iş ýagdaýynda bolsa, onda tas 30 göterim gerek bolýar. Bu barada runews24.ru saýtynda bellenilip geçilýär.

Şeýle netijeleri almak üçin barlagy alyp baryjylar guýruksyz amfibiýalaryň liçinkalaryny öwrendiler. Olar olaryň beýnisine datçikleri oturtdylar we kislorodyň sarp edijiligini bellige aldylar. Şeýle-de, neýrobiologlar nerw gurluşynyň işjeňligini kesgitlemek üçin farmokologik enjamlary peýdalandylar. Tejribe beýniniň kadaly işlemegi üçin näçeräk kislorodyň gerekdigini görkezdi. Neýrobiologlar beýnä barýan kislorodyň 50 göteriminiň nerw öýjükleriniň işine, ýene 50 göteriminiň beýniniň galan dokumalarynyň işine gidýändigini hem anykladylar. Şeýle açyşlar neýrobiologlary geň galdyrdy, çünki organyň agramy ortaça adamyň agramyndan 2%-ine zordan ýetýär.

Ýöne taslamanyň awtorlary adam beýnisi üçin gerek bolan kislorodyň anyk möçberini bilmegiň heniz başartmandygyny habar berdiler. Olar bu ugurda dowamly işleriň lukmanlara kislorod ýetmezçiligi we beýniniň hem onuň gurluşynyň işjeňliginiň peselmegi bilen ýüze çykýan näsazlyklary bejermegi öwrenmäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýarlar.

Nemes alymlarynyň işiniň möhümligi adamyň beýnisiniň kislorody gerekli möçberde kabul etmedik ýagdaýynda, munuň organizm üçin iň agyr netijelere, hatda onuň ölümine çenli getirip bilýänliginde jemlenýär.

Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07670 sek. ýüklenen baýt: 30603