Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TMCELL lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakmagy maslahat berýän sms-leri iberýär
Ýazylan wagty: 22 июля 2020 Ýazan NEXTTM
TMCELL lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakmagy maslahat berýän sms-leri iberýär
Şu gün «Altyn Asyr» milli mobil operatory Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakmak baradaky maslahatyny sms arkaly müşderilerine ýaýradyp başlady.

SMS-habarynda, hususan-da, şeýle bellenilip geçilýär:

«Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak maslahat berilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.»

Öň, habar berşimiz ýaly, 21-nji iýuldan başlap, ýurdumyzda hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar we kärhanalar — kinoteatrlar, teatrlar, seýilgähler, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, dellekhanalar, hammamlar, geýim arassalaýjylar (himçistkalar) we tikinçilik atelýeleri ýapyldy. Şol sanda, basseýnler, fitnes we aerobika klublary ýaly sport desgalary, gysga möhletli tölegli kurslar we oýun merkezleri wagtlaýyn ýapyldy.
 Şeýle hem aýyň ahyryna çenli jemgyýetçilik naharhanalary – restoranlar, kafeler, barlar, naharhanalar we çaýhanalar işlemez.
 Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen birnäçe täze çäklendirmeler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, köp adamly ýerlerde saklanylmaly howpsuz aralyk indi 2 metrden az bolmaly däldir.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07100 sek. ýüklenen baýt: 30808