Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ispaniýa ösýän ýurtlara COVID-19-a garşy göreşmek üçin 1,7 milliard ýewro bölüp berer
Ýazylan wagty: 22 июля 2020 Ýazan NEXTTM
Ispaniýa ösýän ýurtlara COVID-19-a garşy göreşmek üçin 1,7 milliard ýewro bölüp berer
Ispaniýa ýakyn iki ýylda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşmek üçin has zerurlyk çekýän ýurtlara 1,7 milliard ýewro bölüp berer. Bu barada ýurduň daşary işler ministri Arança Gonzalez Laýýanyň berýän maglumatyna salgylanyp, Ria Nowosti habarlar agentligi habar berýär.

Ministrler Geňeşi sişenbe güni geçirilen mejlisinde ösýän ýurtlara kömek strategiýasyny tassyklady.
 «Ispaniýa ösýän ýurtlara, esasan-da, Ispaniýanyň öňünde aýratyn borçnamalary bolan sebitlere raýdaşlyk görkezse adalatly bolar» – diýip, ýurduň daşary işler ministri belleýär. Kömegiň esasy böleginiň Latyn Amerikasy ýurtlaryna berilmegine garaşylýar.
 «Biz üç sany ileri tutulýan ugry saýladyk: ýaranlarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek (400 million ýewro), krizisiň adamlara edýän täsirini azaltmak (500 million) we ykdysady dikelişe kömek etmek (700 million)» - diýip, Laýýa belleýär. Migrantlara, bosgunlara we mejbury göçürilenlere 67,9 million bölünip berler. 318 million – donorlyk kömegine, 1,355 milliard – öwezini dolma maliýe kömegine gönükdiriler.
 Mundan başga-da, Ispaniýa has mätäç sebitlere keseli anyklamak üçin sanitariýa serişdelerini, halas ediş enjamlaryny we keseli ýüze çykarmak üçin maglumatlary ýygnamaga niýetlenen tehnologiýalaryny iberer.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05956 sek. ýüklenen baýt: 30605