Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Germaniýada janly konsertde “koronawirus tejribesi” geçiriler
Ýazylan wagty: 23 июля 2020 Ýazan NEXTTM
Germaniýada janly konsertde “koronawirus tejribesi” geçiriler
Nemes alymlary janly konsertleriň birinde “koronawirus tejribesini” geçirmäge taýýarlanýarlar, onuň maksady uly medeni we sport çärelerini nähili ýagdaýda howpsuz geçirip boljakdygyna düşünmekden ybarat. Bu barada “The Guardian” neşirine salgylanyp, kulturomania.ru ýetirýär.

Çäräniň geçirilmeginiň döretjek howpuny anyklamak bilen, alymlar sport meýdançalaryny ýa-da beýleki uly obýektleri açmagyň mümkindigini ýa-da däldigini hem-de olaryň ulanylmagynyň howpsuz bolmagy üçin näme etmelidigini anyk aýdyp bilerler.
 Tejribe 22-nji awgustda Leýpsigde nemes aýdymçysy Tim Benjkonyň konsertinde geçiriler. Bu tejribe RESTART-19 adyny aldy. Tejribä gatnaşyjy 4 müň töweregi adam olaryň hereketi hem-de olaryň beýleki adamlardan nähili ýakynlykda ýerleşýändigi barada maglumat berjek ýörite «aragatnaşyklary yzarlamak üçin gurluşy» alarlar. Mundan başga-da, olar flýuoressensiýa antiseptigini alarlar, bu alymlara haýsy üstde wirusyň geçmeginiň has mümkindigini anyklamaga kömek eder. Munuň üçin olar ultramelewşe şöhlelenmesini ulanarlar. Şeýle-de, alymlar aerozollaryň we tüsse-maşynlaryň kömegi bilen ýokanjyň ýaýrawyny wizuallaşdyrmagy hem-de ony kompýuter modeliniň esasynda öňünden çaklamagy göz öňünde tutýarlar.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09083 sek. ýüklenen baýt: 30276