Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi
Ýazylan wagty: 23 июля 2020 Ýazan NEXTTM
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň günortasynda birnäçe welaýatlarda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary zerarly iberen gynanç haty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirýän hatyny iberdi.

Hususan-da, hatda şeýle bellenilýär: «Size Hytaýyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan tüýs ýürekden hoşallyk bildirmegi özüm üçin hormat saýýaryn, şol hatyňyzda hytaý-türkmen gatnaşyklaryna hem-de iki döwletiň halklarynyň arasyndaky öňden gelýän dostluga uly üns berilýär. Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagtyýarlyk we rowaçlyk dileýärin».

Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12055 sek. ýüklenen baýt: 30137