Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gandbol ýaryşynyň netijesi.
Ýazylan wagty: 15 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 


Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilýän “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly 5-nji uniwersiýadanyň çäklerinde gyzlaryň arasynda sportuň Gandbol görnüşi boýunça dowam edýän ýaryşyň final duşuşyklary geçirildi. Onda Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” topary bilen Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby institutynyň “Watançy” topary duşuşdy. Duşuşyk diýseň gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Netijede duşuşyk “Talyp sporty” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň “Lukman” topary bilen Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň gandbolçylary duşuşdy. Onda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň gandbolçylary doly artykmaçlyk görkezip utmagy başardy. Türkmen Döwlet Binagärlik Gurluşyk institutynyň “Binagär”topary bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň ‘’Galkynyş” toparynyň geçiren duşuşygy hem 10:0 hasap bilen “Galkynyş” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Geçirilen ýaryşyň final tapgyrynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” topary 1-nji orna, Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby institutynyň “Watançy” topary 2-nji orna, 3-nji orna bolsa Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň gandbolçylary mynasyp boldy.


Okalan sany: 428   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07035 sek. ýüklenen baýt: 30328