Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Hytaý Marsy öwrenmek üçin ilkinji gämisini kosmosa üstünlikli uçurdy
Ýazylan wagty: 25 июля 2020 Ýazan NEXTTM
Hytaý Marsy öwrenmek üçin ilkinji gämisini kosmosa üstünlikli uçurdy
ТАSS agentliginiň habar bermegine görä, 23-nji iýulda ýerli wagt boýunça 12:40-da “Çançžen-5” raketa göterijisi Marsy öwrenmek üçin ilkinji hytaý enjamy “Týanwen 1” bilen Wençan kosmodromyndan badalga aldy. Raketa, takmynan, 36 minutdan soň orbita çykdy. Bu barada runews24.ru saýtynda bellenilip geçilýär.

Marsa hytaý enjamy ýedi aýdan ýeter. Onuň 2021-nji ýylyň fewralynda Marsyň orbitasyna çykmagyna garaşylýar. Bu marsohod Gyzyl planetany öwrenmek üçin ähli döwrebap enjamlar we gurluşlar bilen üpjün edilen. Missiýanyň wezipesi Marsyň üstüni, onuň topragynyň düzümini we atmosferasynyň hem-de howa şertleriniň aýratynlygyny öwrenmekden, şeýle-de suwy hem-de ýaşaýyş yzlaryny gözlemekden ybarat. Missiýa b.e.öň IV asyrda ýaşan hytaý liriki şahyry Sýuý Ýuanyň adybir eseriniň hormatyna “Asmana soraglar” diýlip atlandyryldy. Missiýanyň awtorlarynyň pikiriçe, bu eser Hytaýyň tebigaty we älemi öwrenmek niýetini alamatlandyrýar.
 ABŞ-nyň aeronawtika boýunça milli edarasy (NASA) Hytaýy bu waka bilen gutlap, onuň Russiýadan, ABŞ-dan, Ýewropadan we Hindistandan (ýakyn wagtda sanawa birnäçe gün mundan öň hususy zonduny uçuran BAE hem girer) ybarat bolan Marsy öwrenijileriň halkara bileleşiginiň üstüni ýetirjekdigini belledi.
 Marsa ýeten ilkinji kosmiki enjamlar Sowet Soýuzy tarapyndan 1970-nji ýyllaryň başynda goýberildi. Olardan biri “Mars-3” onuň üstüne üstünlikli gondy, ýöne tiz wagtdan ondan maglumatlaryň gelmegi bes edildi. Onuň yzyndan iberilen amerikan missiýasy “Wiking” has üstünlikli boldy, ol planetanyň üstünde birnäçe ýyllaryň dowamynda iş alyp bardy.
 Marsa dolandyrylýan uçuşlary goýbermek mümkinçiligi birnäçe gezek maslahatlaşyldy, ýöne häzire çenli iş ýüzüne geçirilmedi. NASA bu taslama 2030-njy ýylda işe giriziler diýip çaklaýar.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06469 sek. ýüklenen baýt: 31080