Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Atlantik ummanynda möwsümdäki birinji “Hanna” harasaty döredi.
Ýazylan wagty: 27 июля 2020 Ýazan NEXTTM
 
Bu barada harasatlary duýdurmak boýunça ABŞ-nyň milli merkezi (NHC) habar berdi. Muny russian.rt.com ýetirýär.

Ýeliň tizligi sagatda 112 km-e barabar, harasat günbatara tarap sagatda 14 km tizlik bilen hereket edýär. Häzirki wagtda hadysa Meksikan aýlagynda Tehasyň günorta-gündogar kenarýakasynda bellige alynýar. Ştatda harasat sebäpli elektrik togy hem öçürildi. Güýçli ýagyş sebäpli suw basyp alma howpy hem bar. Merkezde ýerli ýaşaýjylar üçin munuň howply bolup biljekdigini duýdurdylar. Hökümet birnäçe uly bolmadyk kenarýaka şäherleriniň ilatlaryna ol ýerden gaýtmagy maslahat berdi.
 “Harasat iň güýçli we ýumrujy tebigy hadysalaryň biridir. Ortaça 12 tropiki tupan her ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy noýabryna çenli dowam edýän harasatlaryň möwsüminiň içinde Atlantik ummanynda, Karib deňzinde ýa-da Meksikan aýlagynda döreýär” – diýlip, NHC-iň habarynda bellenilýär.
 Atmosfera hadysasy tropiki tupan hökmünde toparlara bölünýär we onuň çäginde ýeliň tizligi 17,5 m/s ýetýän bolsa, ol hususy ada eýe bolýar. Ýel 33 m/s we ondan ýokary tizlik bilen hereket eden ýagdaýynda tupan harasata öwrülýär.
 Tehasyň birnäçe kenarýaka sebitlerinde tupanyň boljakdygy eýýäm duýduryldy. Deslapky maglumatlar boýunça, harasat ştatyň günorta territoriýasynda emele geler. Kenarýakada eýýäm harasatly ýel öwüsýär. Häzirlikçe “Hanna” Korpus-Kristi günorta-gündogar şäherinde ýerleşýär. Şäherde 4 müň töweregi adam elektrik energiýasyz galdy.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05388 sek. ýüklenen baýt: 30630