Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
Ýazylan wagty: 16 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI

Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiçi kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky mähirli sözlerini ýetirdi. Jenap Mihail Mýasnikowiçiň nygtaýşy ýaly, Belarus soňky ýyllarda täze hil bilen üsti ýetirilýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen hepde biziň ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň bolan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Belarus Respublikasynyň Prezidentine we halkyna mähirli sözlerini we iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna esaslanan hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge meýillidigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we onuň mertebeli myhmany ähli ugurlar boýunça depginli ösdürilýän türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijesinde gol çekilen resminamalar toplumynyň hem-de netijeli özara hereketiň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen onuň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamda özara gatnaşyklaryň däp bolan hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygynyň bilelikdäki taslamasynyň durmuşa geçirilişine degişli meselelere aýratyn üns berdiler. Şol ýerde kaliý duzlarynyň baý käni ýerleşýär.

Mälim bolşy ýaly, bu baradaky gürrüň şu ýylyň 5-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda bu taslamanyň – ykdysady ulgamda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mysalynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.


Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň ynandyryşy ýaly, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak, hemme işleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek maksady bilen belarus tarapy doly derejede tagallalary eder. Milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm desga bolan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygyna Türkmenistanyň uly ähmiýet berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki bu taslamanyň üstünlikli berjaý edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň esasynda geljegi uly beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri birnäçe anyk taslamalary , şol sanda maşyngurluşygy, himiýa senagaty, oba hojalyk, gurluşyk babatda durmuşa geçirmek boýunça belarus tarapynyň tekliplerini Türkmenistanyň Prezidentine hödürledi. Şunda Belarusuň döwrebap önümçilikleri guramak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp düzmeler hem-de beýlekiler esasynda senagat düzümini ösdürmek ulgamynda Türkmenistana bar bolan hemme tejribesini we kuwwatyny hödürlemäge taýýardygy nygtaldy.

Biziň ýurdumyza belarus tehnikalarynyň getirilmegi döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasyndan bolan hyzmatdaşlara Türkmenistanda Belarusyň ulag kärhanalarynyň okuw önümçilik merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamagy teklip etdi. Bu teklip, belarus tarapynyň biziň ýurdumyzda şeýle merkezi açmaga taýýarlygyny tassyklan, Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň doly goldawyna eýe boldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany we myhman däp bolan ikitaraplaýyn medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň, şol sanda netijeli gatnaşyklar ýola goýlan ýokary derejeli ökde hünärmenleri taýýarlamak hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýetini bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbitlerine gabat gelýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow gatnaşdy.
Okalan sany: 412   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05599 sek. ýüklenen baýt: 35107