Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
futzal ýaryşy
Ýazylan wagty: 16 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 


   Häzirki günler ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde, etraplarynda geçirilýän ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe bolýar. Bu geçirilýän sport ýaryşlarynda netijelere aýratyn üns berilýär. Ol türgenleriň tejribeleriniň artdyrylmagyna, kämilleşmeklerine uly ýardam edýär. Türgenleriň taýýarlyk derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýän ýaryşlar halkara sport bäsleşiklerine özboluşly taýýarlykdyr. Ýaryşlarda maksada okgunlylyk, ýeňşe bolan ynam aýdyň duýulýar. Bu ýagdaý üstünlige tarap ynamly ädimdir. Ýokary guramaçylyga beslenýän ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ýutdumyzda sportuň, bedenterbiýäniň meşhurlyga eýe bolýanlygyny görkezýär. Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy bolan Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzy sporta köpçülikleýin çekmek, olarda sporta bolan höwesi artdyrmak, sagdyn bedenli-sagdyn ruhly raýatlary kemala getirmek maksady bilen guralýan köpçülikleýin sport ýaryşlary eziz ýurdumyzda indi has-da giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda futzal boýunça ýaryşa badalga berildi. Sport bäsleşiginiň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda geçirildi. Sport baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ýaşlar Bedenterbiýe sport guramasynyň, Bilim Ministrliginiň, futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän ýaryş 30-njy Noýabra çenli dowam eder. Her bir duşuşugyň çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyny eýýamdan aýtmak bolar. Çünki her bir topar ýaryşa ykjam taýýarlyk gördi. Ýaş futzalçylaryň maksada okgunlylygy, olaryň ýeňşe bolan ynamy taýýarlyk döwründe aýan boldy. Bu ýagdaý ýaryşyň gyzykly bolmagyny üpjün eder.   


Okalan sany: 417   Jogaplar: ( 1 )

Betman
18 ноября 2013

good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,24973 sek. ýüklenen baýt: 31400