Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
ERKEK ADAM
Ýazylan wagty: 20 августа 2020 Ýazan Merwww
ERKEK ADAM

Alçak bahar Garaguma, 
Ýazylanda haly bolup.
Aladaňdan gözüm açdym, 
Erkek adam ýaly bolup.

Dogduň-dogduň. Ile äşgär,
Biri synlar, biri buşlar,
Ýaşamakda welin iş bar,
Erkek adam ýaly bolup.

Kim özüne diýse dana, 
Gaçdym ondan başga ýana, 
Tagzym etdim duza-nana, 
Erkek adam ýaly bolup.

Yssyladym, gaýlap çykdym, 
Ýaşlykdyr-da—aýnap çykdym, 
Orta welin gaýnap çykdym,
 Erkek adam ýaly bolup.

Baýdak däl her galgan mata,
Ýüzüm tutdum herne ýagta,
Boýun aldym etsem hata, 
Erkek adam ýaly bolup.

Gyzlar bilen göz çeneşdim, 
Gujak gördüm. Gujak açdym, 
Birisine ýesir düşdüm,
Erkek adam ýaly bolup.

Her telpeklä diýmersiň är, 
Munuňam öz kanuny bar,
Kim gepleýär, kim ýaşaýar,
Erkek adam ýaly bolup.
       B.HUDAÝNAZAROW.
Okalan sany: 298   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06823 sek. ýüklenen baýt: 32249