Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Guşakly göreş
Ýazylan wagty: 18 ноября 2013 Ýazan Mayichka

Guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Karaçaý Çerkezowda tamamlanan dünýä çempionatynda ildeşlerimiz ýeňişlerini baýram etdiler. Ýurdumyzyň Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň talyplary Medet Hallygurbanow 57, Garmämmet Şamämmedow 75, Seýdi Batyrow 90 kilogram agram derejesinde birinji orunlary eýeläp altyn medallara mynasyp boldular. Goranmak Ministrliginiň sport rotasynyň esgeri Allanur Goçow 57  Ýaş Olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hanmuhammet Patdyýew 82 kilogram agramlarda 2-nji orunlary eýelediler. Olara kümüş medal gowşuryldy. Milli Sport we Syýahatçylyk institutynyň talyplary Tirkeşgeldi Aýazow 62, Saodat Işmyratowa 76 kilogram agramlarda bürünç medala mynasyp boldular. Türkmen türgenleriniň bu ýeňişleri guşakly göreş boýunça Türkmenistanyň dünýädäki belent abraýyny aýdyň görkezýär.


  


Okalan sany: 579   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
18 ноября 2013

Türgenlerimizi gutlalyň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06802 sek. ýüklenen baýt: 30269