Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ildeşlerimizi gutlaýarys.
Ýazylan wagty: 18 ноября 2013 Ýazan Mayichka

13-16-njy Noýabrada Russiýa Federasiýasynyň Başgartastan Respublikasynyň Salawat şäherinde sportuň guşakly göreşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Dünýä çempionaty geçirildi. 33 döwletden 400-e golaý türgeniň gatnaşan bu dünýä ýaryşynda ýurdumyzyň Harby institutynyň talyby Wepa Orazmyradow 100 kilogram agram derejesinde çykyş edip altyn medal eýeledi. Ildeşimiz 2011-nji ýylyň dünýä çempiony Täjigistanly we 2012-nji ýylyň dünýä çempiony Russiýaly türgenleri ýeňip aýgytlaýjy tutluşykda duşuşmaga hukuk gazandy.  Finalda Wepa Orazmyradow Gruziýaly pälwany ynamly ýeňip 1-nji orna mynasyp boldy. Gülbadam Babamyradowa 52, Tirkeşgeldi Aýazow 62, Gylyç Jumaýew 90, Myrat Jumaýew 90 kilogram agram derejelerde çykyş edip ikinji orny eýeläp kümüş baýraga mynasyp boldular. Gülnar Haýtbaýewa 66 kilogram agram derejesinde çykyş edip ikinji orny eýeledi. Zöhre Madreýimowa 58, Ýaş Olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçisi Nasiba Surkiýewa 76, Lebap welaýatynyň ýygyndy toparynyň türgeni kärendeçi Annageldi Allakow 82, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi Jepbar Atamämmedow 90 kilogram agramlarda bürünç medal eýelediler. Ildeşlerimiziň ajaýyp ýeňişleri dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň umumylykda ikinji orny eýelemeklerini üpjün etdi.


Okalan sany: 401   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
18 ноября 2013

Berekella diýeliň türgenlerimize.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06572 sek. ýüklenen baýt: 30505