Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Watanymyzyň sebitlerinde binagärlik açylyşlary
Ýazylan wagty: 19 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Watanymyzyň sebitlerinde binagärlik açylyşlary

18.11.2013

Şu gün Tejen etrabynyň “Birleşik” geňeşliginde, Tejen şäherinde we Altyn asyr etrabynyň Mäne obasynda döwrebap täze çagalar baglarynyň ulanmaga tabşyrylmagyna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Olary welaýat düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy bilen ýerli hususy kärhanalarynyň hünärmenleri bina etdiler. 

Iki gatly ýagty çagalar baglary özünde döwrebap talaplary hem-de däp boaln milli öwüşgünleri jemläp, ajaýyp binagärlik görnüşinde guruldy. Çagalar şäherçeleriniň binalarynda owadan we amatly mebeller goýlan oýun, naharhana otaglary, ýatylýan jaýlary, okuw otaglary, şol sanda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan lingafon we kompýuter synp otaglary göz öňünde tutulypdyr. Olarda körpeler dürli düzgünleri özleşdirerler, kompýuterde işlemegiň başlangyçlaryny ele alarlar, şeýle hem daşary ýurt – iňlis we rus dillerini öwrenerler. 

Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda olaryň döredijilk ukyplarynyň ösmegi üçin saz we tans zallary gurnalypdyr. Özleri üçin gurlan ýapyk we açyk ýüzüş howuzlary, sport oýun meýdançalary olarda aýratyn guwanç döretdi. Bu ýerlerde körpeler özleriniň beden taýdan saglyklaryny berkiderler. 

Çagalar bakja baglarynyň bagy-bossanlyga öwrülen çäklerinde dynç almak üçin hem-de dürli güýmenje-öwreniş çärelerini geçirmek üçin ýörite bassyrmalar gurnalypdyr. 

Dabara gatnaşyjylar türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesilleri barada edýän yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar mekdebe çenli täze çagalar edaralarynyň ulanmaga tabşyrylmagynyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydygyny aýratyn nygtadylar. 

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde bina edilen täze gurluşyklaryň dabaraly açylmagyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Şadyýan çagalaryň ýerine ýetiren aýdymlary we aýdyp beren goşgulary dabara aýratyn öwüşgün çaýdy. Dabaralaryň dowamynda gurluşykda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 397   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06114 sek. ýüklenen baýt: 33467