Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Asman goshgusy.......
Ýazylan wagty: 05 января 2013 Ýazan Marala
Bulut näme asman ýüzün gapladyň
günüň yşygyny gysganýarmysyň
ýada ýuwmak üçin dunýäň kirini
gyssanýarmysyň sen? gyssanýarmysyň?

Belkide, sen bir obanyň çetinde
ýaş juwanlaryň duşuşygyny bozarsyň.
belkide zordanjyk duran nahala
az wagtlyk içim suwy bolarsyň.

Eý bulut! ýa dünýäň başga çetinde,
ölýän adamlaryň ýasyn tutýaňmy.
ýa bolmasa bir nadanyň gidenne
buýsanyp, gümmürdäp aýdym aýtýaňmy.

Bulut dost! ýarama duzyňy sepme-de
çaltyrak ýag, gün hem galmasyn ýaşyp,
hem suwsyza bolarsyň sen tenakar.
men suwa-da aşyk, günede aşyk!






Okalan sany: 643   Jogaplar: ( 1 )

Betman
08 января 2013

Betinden ýazylan setirlergood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05526 sek. ýüklenen baýt: 30021