Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Yashlyk dowrum
Ýazylan wagty: 19 ноября 2013 Ýazan Marala
Dostlar, bir wagtlar jahyldyk bizem,
Göz astyndan syn ederdik gyzlara.
Taban murtlarymyzy şemala tutup,
Durmuşyň ajysyn almazdyk sere.

Ýetginjekdik, bar küýümiz okuwdy,
Daşymyzdan guwanardy eneler.
Çärýeklerde ýaryşardyk, bäsdeşdik,
Dokuzynjy ―a-lar, onunjy ―b-ler.

Klasdaşlarmyz bir-birinr goňşydy,
Üýşüşerdik zalda jaňyň sesine.
Biz jedel ederdik oglanlar bolup,
Sapak başlar, gijä galardyk ýene.

Söýülsek-de , käýelsek-de o ýyllar,
Günsaýyn ösýärdik şatlykdan ýaýnap.
Biz gedemsizjedik öz ýanymyzdan,
Boýny monjukluja gyzlary saýlap.

Sapak gutardy, gapyň agzynda,
Syrlyja ýylgyrşyp garaşýardyk kän.
Ine, şeýdip söýüpdik biz gyzlary,
Ýöne gyzlar bizi söýdülermikä?


Okalan sany: 510   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06160 sek. ýüklenen baýt: 29912