Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Telekeçilige täze başlanlara - giň ýol
Ýazylan wagty: 19 ноября 2013 Ýazan GundogarNews
thumb.php (304×170)

Telekeçilige täze başlanlara - giň ýol

Türk­men kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iş çyg­ry ýyl-ýyl­dan örän ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da ýaş­la­ryň ara­syn­da-da hu­su­sy sek­tor­da iş­jeň he­re­ket et­mäge, öz kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny dö­re­dip, ba­zar­da özü­ne my­na­syp or­ny tap­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bar. 



Döwlet tarapyndan mil­li ka­nun­çy­ly­gy­myz hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň na­za­ra alyn­ma­gy bi­len yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Çün­ki, halk ho­ja­ly­gy­nyň en­çe­me pu­dagyn­da ba­zar yk­dy­sa-dy­ýe­ti­ne ge­çil­me­gi, ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­giň bar­ha ös­ýän­di­gi ha­ryt alyş-ça­l­şy­gy ge­çir­mek­de, gir­de­ji­ni we peý­da­ny ulan­mak­da hal­ka­ra hu­kuk nor­ma­la­ry­ny sak­la­ma­gy ta­lap ed­ýär.

Döwletiň gol­daw ber­me­gi bi­len hä­zir­ki dö­wür­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri ýur­du­my­zyň hyz­mat­lar ul­ga­myn­da, söw­da­da we gur­lu­şyk­da örän iş­jeň he­re­ket ed­ýär­ler. Golaýda ka­bul edi­len we güý­je gi­ren “Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň ka­nu­nynda ýaş te­le­ke­çi, ýaş­lar te­le­ke­çi­li­gi we ýaş­lar kär­ha­na­la­ry ba­ra­da­ky dü­şün­je­ aý­dyň­laş­dyryl­ýar. Bu ka­nun in­di­den beý­läk ýaş­lar te­le­ke­çi­li­gi­niň döw­let gol­da­wy­nyň esas­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, tä­ze kär­ha­na dö­ret­mek, ony bel­li­ge al­mak ba­ra­da kä­bir anyk mag­lu­mat bermek ge­l­je­gi­mi­ziň ke­pi­li bo­lup dur­ýan ýaş­lar üçin gy­zyk­lydyr.

“Kär­ha­na­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, bir fi­zi­ki ta­ra­pa de­giş­li bo­lan kär­ha­na–ýe­ke­ba­ra kär­ha­na ha­sap­la­n­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da esa­san hem hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň giň­den ýaý­ran­dy­gy­ny ha­sa­ba alyp, ma­ka­la­­da bir esas­lan­dy­ry­jynyň esas­lan­dy­r­ýan hu­su­sy kär­ha­na­ny bel­li­ge al­mak ba­ra­da du­rup geç­megi makul bildim.

Hu­su­sy kär­ha­na­ny ha­sa­ba al­mak üçin esas­lan­dyr­jy­nyň, il­ki bi­len, kär­ha­na­nyň ady­ny saý­lap al­ma­gy hök­ma­ny­dyr. Mu­nuň üçin ha­sa­ba alyn­ýan­lar ha­sa­ba alyn­mak üçin res­mi­na­ma­la­ry Ha­sa­ba alyş mü­dir­li­gi­ne tab­şyr­maz­dan öň, ha­sa­ba alyn­ma­gy me­ýil­namalaşdyrylýan hu­su­sy kär­ha­na­nyň ady­ny yla­laş­mak üçin Ha­sa­ba alyş mü­dir­li­gi­ne ýaz­ma­ça ar­za bi­len ýüz tut­ma­ly­dyr. Kär­ha­na­nyň ady türk­men di­lin­de ma­ny aň­lad­ýan söz ýa-da söz dü­zü­mi bol­ma­ly­dyr we on­da gys­galt­ma­lar ula­nyl­ma­ly däl­dir. Şeý­le at bi­len Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­de baş­ga bir kär­ha­na­nyň ha­sa­ba alyn­man­dy­gy hem anyk­lan­ma­ly­dyr.

Hu­su­sy kär­ha­na­nyň ady ba­ra­da yla­la­şyk ha­ty alnan­dan soň­ra, esas­lan­dyr­jy Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek is­le­ýän iş­le­ri­ni kes­git­läp, de­giş­li sta­tis­ti­ka mü­dir­li­gi­ne ýaz­ma­ça ar­za bi­len ýüz tut­ma­ly we kär­ha­na­la­ryň we gu­ra­ma­la­ryň yk­dy­sa­dy iş­le­ri­niň gör­nüş­le­ri we kod­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ha­ty­ny al­ma­ly­dyr. Esas­lan­dy­ry­jy kär­ha­na üçin hu­kuk sal­gy­sy­ny saý­lap al­ma­ly­dyr. Esas­lan­dy­ry­jy şeý­le hem de­giş­li ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da kär­ha­na­nyň ter­tip­na­ma­sy­ny iki nus­ga­da taý­ýar­la­ma­ly­dyr. Ter­tip­na­ma kär­ha­na ba­ra­da­ky anyk mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­ýär. Kär­ha­na­nyň mak­sat­la­ry, we­zi­pe­le­ri we iş gör­nüş­le­ri, kär­ha­na­ny do­lan­dyr­mak, onuň hu­kuk­la­ry we borç­la­ry, em­lä­gi, gaz­na­la­ry we gir­de­ji­si, ha­sa­by, ha­sa­bat­ly­ly­gy we gö­zeg­çi­lik, zäh­met gat­na­şyk­la­ry we kär­ha­na­nyň işi­ni bes et­mek ba­ra­da­ky esas­lar ter­tip­na­ma­da öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Esas­lan­dyr­jy mun­dan soň­ra esas­lan­dyr­jy­nyň ka­ra­ry­ny ka­bul ed­ýär we bu ka­rar, hu­su­sy kär­ha­na­ny esas­lan­dyr­mak, oňa ýol­baş­çy bel­le­mek, onuň ter­tip­na­ma­sy­ny tas­syk­la­mak, hu­kuk sal­gy­sy­ny bel­le­mek, esas­lyk ma­ýa­sy­ny kes­git­le­mek, yk­dy­sa­dy iş gör­nüş­le­ri­ni tas­syk­la­mak ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry özü­nde jem­le­me­li­dir. Esas­lan­dy­ry­jy bel­le­nen esas­lyk ma­ýa­sy­nyň azyn­dan 50 gö­te­ri­mi­niň tö­le­nen­di­gi ba­ra­da de­giş­li eda­ra­dan hat al­ma­ly­dyr we bu ha­ty hem res­mi­na­ma­lar buk­ja­sy­na çat­ma­ly­dyr.

Bel­li­ge al­mak üçin bel­le­nen möç­ber­dä­ki tö­le­gi ge­çi­ren­den we beý­le­ki ta­lap edil­ýän res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­lan­dan soň­ra, esas­lan­dy­ry­jy kär­ha­na­ny bel­li­ge al­mak­la­ry­ny ha­ýyş edip, Türk­me­nis­ta­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ösüş mi­nistr­li­gi­niň eda­ra gör­nü­şin­dä­ki ta­rap­la­ry we ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny döw­letiň ha­sa­ba al­mak mü­dir­li­gi­ne ýüz tut­ma­ly­dyr. Esas­lan­dy­ry­jy kär­ha­na­ny ha­sa­ba al­mak ba­ra­da­ky çä­re­le­ri özi ýa-da bu iş­le­ri ama­la aşyr­mak üçin ýö­ri­te ka­nun­çy­ly­gyň ta­lap­la­ry­ny ber­jaý ed­ýän, ökde mas­la­hat­çy bi­len hem yla­la­şyk ga­za­nyp bi­ler.

Kär­ha­na­lar ha­kyn­da ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, kär­ha­na döw­let bel­li­gi­ne al­nan pur­sa­dyn­dan baş­lap, hu­kuk sub­ýek­ti­ne öw­rül­ýär. Şeý­le hem kär­ha­na öz adyn­dan hu­kuk­la­ra eýe bol­ýar we ola­ry ama­la aşyr­ýar, öz üs­tü­ne ka­nun­da göz öňün­de tu­tu­lan borç­la­ry al­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, kär­ha­na­ny esas­lan­dy­ry­jy, tä­ze kär­ha­na bel­li­ge al­nan­dan baş­lap, bu ul­ga­ma de­giş­li Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket et­me­li, ka­nun­çy­ly­gyň ta­lap­la­ry­ny berk ber­jaý et­me­li bo­lup dur­ýar­.

Döwle­ti­miziň te­le­ke­çi­li­ge be­rýän gol­do­wy ýer­lik­li peý­da­la­nyp, hu­su­sy ul­gam­da öz or­nu­ny tap­mak, is­le­ýän te­le­ke­çi­le­re peý­da­ly bo­lar diýen umy­t bi­len, bu ba­ra­da­ky sel­jer­me­le­ri­mi ge­l­jek­de-de do­wam et­mek is­le­ýä­ris.

Nurmyrat Agaýew, ylymlar kandidaty, hukuk-maslahatçysy

- See more at: http://gundogar-news.com
Okalan sany: 551   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 ноября 2013


şu temaňyz köpleri gyzyklandyrsa gerek.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07450 sek. ýüklenen baýt: 38346