Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
EPENDI BILEN GEDAÝ
Ýazylan wagty: 20 ноября 2013 Ýazan Betman

EPENDI BILEN GEDAÝ

Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuň gapysyny kakypdyr. Ependi:
... -Kim bolarsyň, näme gerek?-diýip, ondan sorapdyr.
Bir zaryn ses:
-Aşak düşüň-diýip jogap beripdir. Ependi aşak düşüp, gapynyň agzyna baranda, gapyda duran gedaý:
-Bir zatjagaz sadaka beriň!-diýipdir. Oňa Ependiniň gahary gelipdir, ýöne syr bildirmän:
-Ýokary çyk!-diýipdir. Biçare gedaý ýokaryk çykyp, Ependiniň oturan jaýyna baranda:
-Saňa Alla rehim etsin, mende saňa bererlik zat ýok-diýipdir.
Gedaý bu bolşa haýran galyp:
-Bu näme etdigiň? Eger boş gaýtarjak bolsaň, aşakdakam jogabymy berip göýberseň bolmaýarmy?-diýipdir.
Ependi hem oňa:
-Sen näme dilejek sadakaňy meni aşak düşürmän diläp bilmediňmi?-diýipdir.
Okalan sany: 725   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07426 sek. ýüklenen baýt: 29859