Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Gijeler
Ýazylan wagty: 20 ноября 2013 Ýazan Betman

Gijeler

Gijeler, gijeler, gözel gijeler,

Gijä galsa gözelligi süỳjeler.

Bir ümsümlik ỳerde ỳürek ynjalar,

Gijeler, gijeler, gözel gijeler.

 

Sende aram tapar gowgaly gündiz,

Altyn zülpin darar asmanly bir gyz,

Kä garañky, käler süỳt ỳaly tämiz,

Gijeler, gijeler, gözel gijeler.

 

Sende aỳra düşen didar küỳseler,

Sende ỳürek ỳümşap mähre suwsalar,

Birden uçrap çykar gyzgyn pusalar,

Gijeler, gijeler, gözel gijeler.

 

Agşamlaryñyz bardyr altyn şapagly,

Asmanyñyz bardyr mahmal düşekli,

Säherleriñiz bardyr közli ojakly,

Gijeler, gijeler, gözel gijeler.

 

Gowmly deñiz ỳatyr goỳnuñda uklap,

Gör jeññeller otyr şir- peleñ saklap,

Gara daglañ otyr görküñ gujaklap,

Gijeler, gijeler, gözel gijeler,

Gijä galsa gözelligi süỳjeler.


Okalan sany: 435   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 ноября 2013

he-he gijänem arasynda ýatlap duruň şeýdip. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06083 sek. ýüklenen baýt: 33794