Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Superkompýuter COVID-19-y ýürek-damar keseli diýip hasaplady
Ýazylan wagty: 10 сентября 2020 Ýazan Merwww
Superkompýuter COVID-19-y ýürek-damar keseli diýip hasaplady

2018-nji ýylda ABŞ-nyň Oak-Rij milli barlaghanasynda işe girizilen Summit superkompýuteri täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýiti respirator ýokançlaryna däl-de, ýürek-damar kesellerine degişlidigini kesgitledi. Bu barada 360tv.ru habar berýär.

“eLife” neşiriniň maglumatlary boýunça, hasaplaýjy kuwwatlylygy boýunça dünýäde ikinji ýerde durýan kompýuter bir hepdäniň içinde SARS-CoV-2-niň 17 müň nusgasyndan 40 müň genom baradaky maglumatlary gaýtadan işledi. Ol 2,5 milliard töweregi kombinasiýany hasaplady, alnan maglumatlary alymlar gaýtadan seljerdiler.

Olar koronawirusyň ýaýramagynda “bradikinin tupany” esasy roly oýnaýar diýen çaklamany öňe sürdüler. Şonuň üçin COVID-19-yň ýürek-damar ulgamlarynyň keseli bolmagy ähtimal. Keseli bejermek üçin organizmde bradikinin artykmaçlyk eden ýagdaýynda ulanylýan serişdelerden peýdalanmaly. Olar diýseň ýönekeý we giňden ýaýran.

Häzir ýokançdan ýüze çykýan kynçylyklaryň esasy sebäbi hasaplanýan sitokain tupany başga bir tupana – bradikinin tupanyna sebäp bolýar.

Bradikinin damarlaryň we olaryň diwarlarynyň geçirijiliginiň giňemegine getirýär. Koronawirus organizme düşenden soň, bu maddany öndürmek bilen adaty şertlerde muny ýerine ýetirmedik öýjükler meşgullanyp başlaýar.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07026 sek. ýüklenen baýt: 29874