Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti täze gelip gowşan oba hojalyk tehnikalaryny synlady
Ýazylan wagty: 10 сентября 2020 Ýazan Merwww
Türkmenistanyň Prezidenti täze gelip gowşan oba hojalyk tehnikalaryny synlady

8-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň pagta ýygymynyň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip gowşan pagta ýygyjy tehnikalaryny synlady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew gelip gowşan oba hojalyk tehnikalaryna degişli maglumatlar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany gelip gowşan täze pagta ýygýan maşynlary gözden geçirip, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky strategiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda obasenagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň döwrebap tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05524 sek. ýüklenen baýt: 29680