Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan 25 ýylda «John Deere-den» 8 müňe golaýy tehnika aldy
Ýazylan wagty: 10 сентября 2020 Ýazan Merwww
Türkmenistan 25 ýylda «John Deere-den» 8 müňe golaýy tehnika aldy

Bütin dünýäde meşhur bolan «John Deere» amerikan tehnikasy 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyza bu kysymly dürli oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň 8 müňe golaýy getirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, satyn alnan täze tehnikalaryň 600-si iki tapgyrda ýurdumyza gelip gowuşdy. Geçen ýyl pagta ýygýan kombaýnlaryň 300-si getirilip, olar bellenen tertipde welaýatlara paýlanyldy. Şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolsa, ýokarda agzalan maşynlaryň 300-si gelip gowuşdy.
Şolaryň hatarynda ekin ekijiler hem-de dolandyrmagyň telematik sanly elektron ulgamy bilen üpjün edilen traktorlar bar.

Olar ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda özlerini gowy tarapdan görkezdi. Hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de telematikanyň kömegi bilen obasenagat toplumynda işleriň ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usul arkaly bejermäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň ählisiniň hökmany suratda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen bagly deslapky synaglardan geçirilýändigini bellemelidiris.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06179 sek. ýüklenen baýt: 29814