Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýörite uçuş arkaly Moskwadan Türkmenabada türkmen raýatlary getirildi
Ýazylan wagty: 10 сентября 2020 Ýazan Merwww
Ýörite uçuş arkaly Moskwadan Türkmenabada türkmen raýatlary getirildi

"Türkmenhowaýollarynyň" Boeing uçary 9-njy sentýabrda - çarşenbe güni irden Moskwadan Türkmenabat halkara howa menziline 272 sany türkmen raýatyny getirdi.

Uçarda gelenler, esasan, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýa-da gaýybana bölümlerinde ýokary bilim almagy dowam etdirýän talyplar. Ýöne olardan başga-da, COVID-19 sebäpli syýahat çäklendirmeleri girizilmezden ozal dürli sebäplere görä beýleki ýurtlara gidenler şol ýurtlardan çykyp bilmän galypdylar. Häzir olaryň Türkmenistana getirilmegi tapgyrlaýyn dowam etdirilýär. Ondan öň 6-njy sentýabrda türkmen talyplary Belarusdan gaýdyp geldiler - munuň özi bu ýurtdan eýýäm ikinji ýörite uçuşdyr.

Ondan öň 24-nji awgustda Minskden Türkmenabat şäherine çenli çarter uçuşy guraldy. Şeýle hem 22-nji awgustda ýörite uçuş Hindistandan türkmen raýatlaryny Watanymyza alyp geldi.

Uçuşlar Boeing 777-200 howa gämisinde Daşary işler ministrliginiň we onuň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, migrasiýa we beýleki gulluklaryň ýardamy bilen, şol sanda ýörite lukmanlaryň ugratmagynda guralýar.

Uçara münülende, ýolagçylaryň ýanynda geçirilenine iki günden köp wagt bolmadyk synagyň netijeleri boýunça koronawirus ýokançlygynyň ýoklugy barada şahadatnama bolmaly. Beýleki ýagdaýlarda ýolagçylar gidýän howa menzilinde gaýtadan synagdan geçirilýär.

Şeýle-de bolsa, Türkmenistana gelen ähli raýatlar 14 günüň dowamynda lukmançylyk gözegçiligi astynda hökmany karantini geçmeli.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06730 sek. ýüklenen baýt: 30157