Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýurdumyza täze bellenen ilçisini kabul etdi
Ýazylan wagty: 11 сентября 2020 Ýazan Merwww

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýurdumyza täze bellenen ilçisini kabul etdi

10-njy sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nairi kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
 Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

 Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri boldy. Bu gurluşyk Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmäge, Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
 Ilçi Hindistanyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

 Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili şu geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanyp galýandygyny kanagatlanma bilen belläp, Söwda-ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

 Energetika we ulag ulgamlarda netijeli başlangyçlary, şol sanda ýük daşamak üçin ykdysady taýdan bähbitli ýollary üpjün edýän halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmaga degişli başlangyçlar öňe sürüldi.

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09396 sek. ýüklenen baýt: 31583