Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeş boldy
Ýazylan wagty: 11 сентября 2020 Ýazan Merwww

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeş boldy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara giňişlikde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir.

 Türkmenistanda Sindzo Abeniň saglyk ýagdaýy sebäpli Premýer-ministriň wezipesinden gidýändigi baradaky habary düşünmek bilen kabul etdiler diýip, türkmen Lideri öz söhbetdeşine bilelikdäki işler hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de Ýaponiýanyň täze Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

 Sindzo Abe öz adyna hem-de Ýaponiýa babatda aýdylan mähirli sözler hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan ugry we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga yzygiderli berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ençeme taslamalaryň amala aşyrylmagy şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar.

 Sindzo Abe Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň wezipesini eýelejek ýolbaşçynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi dowam etjekdigine ynam bildirip, türkmen Liderine döwletara gatnaşyklara hem-de ýokary derejedäki hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna berýän ünsi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07028 sek. ýüklenen baýt: 31398