Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ruhy türgenleşme
Ýazylan wagty: 20 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Ruhy    türgenleşme

         Ruhuňy türgenleşdirmegiň ahlak terbiýesinde hem örän uly ähmiýeti bar.Ruhy türgenleşme wagtynda gaýtalaýan her bir sözümizin bizin etjek bolýan hereketimiziň hyýaly suduryny düzýändigini bu ugurdan işleýän alymlaryň işlerinde görmek bolýar. Ösen döwletleriň lukmançylyk ylymlarynda we sport çärelerinde, ahlak terbiýesinde bu geçirilýän öz-özüňe erk etmek usuly giňden ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglyk döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda sport ulgamlarynyň ösdürilmegi geljek nesillerimiziň ruhy we beden sagdynlygy hakyndaky uly döwlet aladalarynyň biri bolup durýar.

Bu bolsa Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlaryndan,maksatnamalaryndan,öwüt-ündewlerindn ugur alyp halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine laýyklykda, adamlaryň saglyk ýagdaýyny gowlandyrmaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini kemala getirmäge, durmuş derejelerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri, wagyz-nesihat işlerini durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Geljekde Ruhy türgenleşme usullary sport mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda, edaralarda  ýörite “Ruhy türgenleşme” ady bilen otaglar açylyp, bu ugurdan işleýän lukmanlar, hünärmenler, psiholaglar tarapyndan telewideniýede, radioýaýlymlarda, “Türkmen sporty” gazetinde, “Bedenterbiýe we sport” jurnalynda yzygiderli çykyşlar guralyp durulsa ýerlikli bolar diýip pikir edýäris. 

Bu geljekde Watan söýüji ýaşlarymyzyň ahlak terbiýesinde, nesil sagdynlygynda, jemgiýetimiziň zyýanly endiklerden arassalanmagynda, zehinli ýaşlarymyzyň ýüze çykmagynda uly ähmiýete eýe bolar diýip umyt edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işinde beýan edilişi ýaly, “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdydyr! ” Türkmenistan, şeýle hem türkmen türgenleri 2017-nji ýyla--- Y  Aziýa oýunlaryna taýýarlanýar. Bu jogapkärli ýolda biziň ruhy türgenleşme babatynda berjek maslahatlarymyz sport bilen meşgullanýan adamlara goldaw bolar diýip tama edýäris.

Okalan sany: 382   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16460 sek. ýüklenen baýt: 30809