Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hytaýdan iň uzyn konteýner otlusy ilkinji gezek Türkmenistana geldi
Ýazylan wagty: 11 сентября 2020 Ýazan Merwww


Hytaýdan iň uzyn konteýner otlusy ilkinji gezek Türkmenistana geldi

Ilkinji gezek Hytaýdan iň uzyn konteýner otlusy Gazagystanyň çäginden geçip, Türkmenistana geldi. Bu barada «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk paýdarlar jemgyýetine salgylanyp, Turkmenportal habar berdi.

48 sany 40 futluk konteýnerlerden ybarat bolan garyşyk ýükli konteýner otlusy iki hepde mundan öň Hytaýyň Tsindao şäherinden badalga alyp, Altynköl-Bolaşagyň üstünden geçip, şu gün Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhetde ýerleşýän Serhetýaka stansiýasyna geldi. Ol jemi 8,780 kilometri geçip, 11-nji sentýabrda iň soňky barmaly nokadyna – Änewe ýeter.
 Bu işiň üstünlikli amala aşyrylmagynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk paýdarlar jemgyýetine onuň ynamdar hyzmatdaşlary – "KTZ Express" paýdarlar jemgyýeti we "Türkmen Ak Ýol" hojalyk jemgyýeti ýakyndan ýardam etdi.

"Munuň özi ýükleri daşamagyň iň amatly we tygşytly ýoly bolup durýar: ähli taraplaryň sazlaşykly işi harytlaryň 12-15 günüň içinde eltilmegini üpjün edýär" – diýip, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk paýdarlar jemgyýetinde bellenilýär.

Hytaýdan Hazar deňzine konteýner liniýasynyň işe girizilmeginiň 2014-nji ýylda işe başlan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň şahamçalarynyň biri bolan «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýolunyň işlemeginiň netijesinde mümkin bolandygyny bellemelidiris.
 Geçen ýyl Türkmenistandan 45 konteýnerli ilkinji konteýner otlusy eksport ýükleri bilen Gazagystanyň çäginden üstaşyr geçip, Hytaýa ugrady. Ýakyn geljekde şeýle ýük daşalşyny ähli ugurlar boýunça aýda 2 gezek amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07680 sek. ýüklenen baýt: 31199