Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Haýwanat dünýäsindäki täsinlikler (1)
Ýazylan wagty: 11 сентября 2020 Ýazan NEXTTM
  
Attakus Altas atly gije kebelegi dünýäde iň iri kebelek hasaplanýar.Onuň ganatlarynyň gerimi 30 santimetre ýetensoň,köplenç halatda, bu kebelege guşdur öýdýärler.
* * *
Hindi baýguşlary,malinowkalar (saýraýan kiçijek guş),gara jokjokylar aram-aram öte bişen almalary we miweleri çokalaýarlar hem-de şundan soň gös-göni şahalarda dünýäni duýman ýatýarlar.Şeýle ýagdaýda olary eliň bilen hem tutmak bolýar.
* * *
Anakonda ýylanlaryna Günorta Amerikada,Amazoniýa jeňňellerinde gabat gelmek mümkin.Olaryň uzynlygy 10 metrden hem geçýär.Hindistanda bolsa uzynlygy 9 metrden geçýän,agramy 160 kilogramdan gowrak nitonlar (ýylanyň bir görnüşi) gabat gelýär.Olara Afrikanyň tropik tokaýlarynda-da duşmak bolýar.
* * *
Köralaka bir günüň dowamynda öz agramyna barabar iýmit iýýär.Ol bir gün hiç zat iýmese,onuň öläýmegi hem ähtimaldyr.
* * *
Balarylarynyň bäş gözi bar. Üçüsi kellesiniň ýokarky böleginde,ikisi öňünde ýerleşýär.
* * *
Saçakçy (tarakan) kellesi kesilenden soň hem birnäçe hepde ýaşap bilýär.
* * *
Kroliçe diýilýän ak garynja bir günde 30 müň ýumurtga guzlap bilýär.Ol 5 ýyl ýaşaýar.5 ýyllap hem şunça möçberde ýumurtga guzlasa,olaryň sany 50 milliondan-da geçýär.
* * *
Ýylanlar zäherli mör-möjekleri ýok edip,ösümlik dünýäsine uly kömek edýärler.
* * *
Gyzylguş diýilýän guş howada 20 sekuntlap bir duran ýerinde durup bilýär.
* * *
Maýmynlar zeýtun agajyndan gaçan ajan miweleri iýenlerinde belli bir wagtyň özünde topalaň baryny turuzýarlar.Şonda maýmynlar bokurdaklaryna bat berip,şahadan-şaha towusýarlar.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09064 sek. ýüklenen baýt: 31645