Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Aşgabatda gurluşykçylar hum tapdylar
Ýazylan wagty: 12 сентября 2020 Ýazan NEXTTM
Aşgabatda gurluşykçylar hum tapdylar
Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykardylar.

2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy.
 Bu ýere gelen arheologlaryň topary gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrdy. Şonuň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy. Olaryň ählisi köp asyrlar mundan ozal şu ýerde bar bolan binanyň otaglarynyň birinde ýerleşýärdi.
 Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň takmynan ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy: gaplaryň içki diwarlaryndaky çökündileriň himiki seljermesi önümleriň ýerine ýetiren wezipesini anyklamaga ýardam eder.
 Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky iki müň ýylyň dowamynda häzirki Aşgabadyň çäginde we onuň töwereklerinde galalaryň, mülkleriň hem-de oturymly ýerleriň tutuş ulgamy ýerleşipdir. Olar biri-birinden ep-esli aralykda ýerleşipdir.
 Tapylan keramiki gaplaryň aýratynlyklary boýunça olaryň ählisi parfiýa döwrüne degişli bolupdyr. Ýöne, adamlaryň şol ýerde has giçki döwürlerde, eýýäm orta asyrlarda ýaşandyklarynyň alamatlary hem az bolmandyr.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07643 sek. ýüklenen baýt: 30814