Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmen tanslary we endigan milli sport
Ýazylan wagty: 20 ноября 2013 Ýazan Mayichka

Türkmen tanslary we endigan milli sport


 


Türkmen halkynyň tans mirasy bilen baglanşykly halk arasyndan toplanan maglumatlar, türkmen tansy boýunça işlän alymlaryň pikirleri, arheologiki tapyndylaryň ýüzündäki tans bilen  bagly şekiller, halk döredijilik eserlerinde tans—oýun hakdaky aýdylanlar, taryhy çeşmeler tans sungaty hakyndaky gyzykly söhbete esas berýär.


Aslynda tans sungaty ilki durmuş sungatynyň iň gadymy görnüşidir.  Bu tanslar köpçülikleýin we şekillendirme ýagny, bir zada öýkünmek, meňzejek bolmak häsiýetine eýe bolupdyr. Onda adamlaryň aw awlaýşy, balyk tutuşy, hasyl ýygnalyşy, maşgala gatnaşyklary, harby hereketler suratlandyrylypdyr.  Söz, saz we şekillendiriş döredijiliginiň  birleşmeginde sahna oýnuna öwrülen  bu tanslar ilki durmuş sungatyny düşnükli açyp görkezýär.


Taryhdan  bilşimiz ýaly, ilkidurmuş adamlary topar bolup awa gitmezden ozal ýörite ruhlaryny berkidip, awlajak haýwanlarynyň şekiliniň daşynda türgenleşik häsiýetinde özboluşly tanslary edipdirler. Olar bu taýýarlygyň özlerine üstünlik getiržekdigine ynanypdyrlar. Bu gadymy ynanyçlar bolsa, belli bir derejede ilki däp hökmünde, soňra bolsa tans hökmünde ýerine ýetirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen milli tanslaryň iň gadymy görnüşleri bolan «çapak», «çemçe—kaşyk», «küştdepdi» ýaly  tanslaryň dessury tans hereketlerinde ilkidurmuş sungatynyň yzlaryny görmek bolýar.


Tans sungaty hakdaky gürrüňlerimizde  biziň Lebap welaýatymyzda aýratyn meşhurlyk  bilen ýerine ýetirilýäň  iň gadymy tanslardan bolan «çapak», «karsaky», «sallanma», «çemçe—kaşyk», «işimme» ýaly tanslaryň döreýşi, ýerine ýetirilişi hakyndaky gürrüne ünsi çekesim gelýär.


«Çapak» tansy, oňa başgaça «karsaky» hem diýilýär.  «Çapak» ýa-da «karsaky» sözi «el çarpmak» sözünden gelip çykan bolmaly. Bu bolsa elleriň aýalarynyň biri—birine bat b/n  urulmagyny aňladýar.  Tansyň esasy  dessury hereketleri hem el çarpmak arkaly ýerine ýetirilýär.


«Çapak» tansynyň döreýşi bilen bagly käbir maglumatlarda ir döwürlerde erkek kişiler söweşden ýa-da awdan dolanyp gelenlerinde, aýallar olaryň öňlerinden begenişip, el çarpyp çykypdyrlar diýip gürrüň berýärler.


«Çapak» tansy «karsaky», «çepbe karsaky» ýaly görnüşlerini öz içine alýar. «Karsaky» diýmek hem  «çapak» sözi bilen bir manydaş söz bolup, ol diňe tansyň ýerine ýetirilişinde  we dep kakuwynda tapawutlanypdyr. Tansyň «çepbe karsaky» görnüşi bolsa, tansyň hereketleriniň çep tarapdan başlanýandygy b/n düşündirilýär.


«Böküş» ýa-da «Hekge böküş» —bu tans  häzirki güne çenli «çapak» tansynyň bir görnüşi hökmünde ýerine ýetirilip gelinýär.  Emma tansyň aňladýan manysy, hereketleri, dep kakuwlaryny göz öňüne tutsak, bu tansa türkmen milli tansynyň gadymy görnüşi diýmek mümkin.  Bu tansda alahekek atly guşuň hereketlerine öýkünilýär. Tansyň ady şu guşuň ady bilen baglanyşdyrylýar. Tansy ýerine ýetirijiler aýaklaryny jüp saklap, dört tarapa bökýärler, ellerini ýokary uzadyp çarpýarlar.


«Sallanma» tansy hem türkmen tansynyň iň gadymy görnüşi bolup, özboluşly haýal dep kakuwlarynyň astynda diňe gelin—gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýär.  Elbetde, bu tansyň daşky tebigatyň täsiri bilen dörän bolmagy  mümkin. Sebäbi tansyň dessury hereketlerine üns berseň, guwuň hereketlerini ýadyňa salýar. Iki ellerini aşak sallap, soňra ýokary göterilmegi, bileklere çenli guwuň ak ganatlaryny ýadyňa salýan ak ýeňçeleriň geýilmegi, tansda guşuň ganatlaryna meňzeş hereketleriň köplügi şeýle diýmäge esas berýär.


«Jamly oýun»   gadymy milli türkmen tansy bolup, özboluşlylygy b/n tapawutlanýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu tans elinde kiçijik, ýalpak mis jamlara barmaklara geýlen oýmajyklaryň kakylmagy bilen ýerine ýetirilýär.  Bu tans oýmaklaryň sazlaşykly owazynyň, depginli dep kakuwlarynyň astynda oýnalýar.


«Çemçeli oýun» tansy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu tansa başgaça «Kaşykly oýun» hem diýilýär, ýagny ol agaç çemçeleriň guýguçlaryny biri—birine kakyp, çemçe sesleriniň owazynda oýnalýar. Bu tansy oýnamak üçin dört sany agaç çemçe gerek. Her elde iki çemçe saklanylýar Bu oýun hem Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda dürliçe ýerine ýetirilýär.  Mysal üçin, Saýat etrabynyň Awçy obasynda  bu tans ýerine ýetirilende, agaç çemçeleriň  saplary alajabaglar bilen berkidilýär.  Bu bolsa maşgalanyň agzybirligini alamatlandyrypdyr. Şeýle-de tansyň üsti bilen awçynyň hereketlerini, at toýnaklarynyň seslerini suratlandyrýarlar. Welaýatyň Atamyrat etrabynda oýnalýan «çemçeli oýun» dep kakuwy hem dessury hereketleri bilen düýpgöter tapawutlanýar. Bu hereketlerde iki sany söweşijiniň hereketlerini görmek  bolýar.


Şu günler oýnalýan milli tanslaryň biri-de «işimme» tansydyr. Bu tansyň ady «işmek» diýen sözden gelip çykýan bolmaly. 


«Işimme» tansynda hem alajabagyň işilýän hereketlerine meňzeş hereketler agdyklyk edýär. Belki-de, bu tans öz gözbaşyny oňonçylykdan alyp gaýdandyr.


«Işimme» tansy gelin—gyzlar tarapyndan dep kakuwlarynyň astynda sanawaçlar b/n bilelikde ýerine ýetirilýär. Beýleki milli sungatymyz ýaly, tanslarymyz  hem owadan, hem ažaýypdyr. Bu gün tans sungaty erkinlik döwrüniň bagtyny söýleýär.


 


 


Okalan sany: 2483   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
20 ноября 2013

Tanslaryň görnüşleri barasynda ýazanlarymy haladyňyzmy, ýa okaňyzokmy heniz.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06734 sek. ýüklenen baýt: 42598