Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Tehnologiýa
Täze pagta ýygýan kombaýnlar gelip gowuşdy
Ýazylan wagty: 14 сентября 2020 Ýazan NEXTTM
Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe Lebap welaýatyna «John Deere» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 6-sy gelip gowuşdy. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň üpjünçilik kärhanasyndan berlen habar görä, ýakyn wagtda olaryň ýene-de 44 sanysynyň gelmegine garaşylýar.


Bu kombaýnlar ýetip gelýän pagta ýygymynda daýhanlara ýakyndan ýardamçy bolarlar. Ozal habar berşimiz ýaly, pagta ýygymynda jemi 256 kombaýn işlediler.
Welaýatyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygider berkidilýär. Bulardan başga-da, häzire çenli köpugurly «John Deere» traktorlarynyň 38-si, «Ortman-8375» kysymly kultiwatorlaryň 33-si, gowaça ekijileriň hem 24-si gelip gowuşdy.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07614 sek. ýüklenen baýt: 29545