Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ýaş mugallym öz suratlarynyň sergisini gurady
Ýazylan wagty: 14 сентября 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Şemşat Saparowa özüniň şahsy sergisini gurady.
Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary onuň üç işi: «Kitaphana» atly uly göwrümli suraty, «Bagtyýar» atly ahalteke bedewi» we «Amyderýa ertiri» atly suratlary bilen tanyşdylar. Onuň eserleri milli öwüşginlere baýlygy, hakykaty özboluşly beýan edişi bilen tapawutlanýar. Sergä gelenler welaýat kitaphanasynyň gündelik işini, ahalteke bedewiniň keşbini we Amyderýany nakgaşyň gözi bilen gördüler. «Kitaphana» suraty mugallymyň diplom işidir. Ol şu ýyl Lebap welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlady we ýollanma bilen welaýat merkezindäki 2-nji orta mekdebe işe geldi.


Şemşat Saparowanyň bu gezekki sergisi ilkinjisi däldir. Ol ozal Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde özüniň şahsy sergisini gurapdy. Onuň çeken suratlary Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan sergide sebitiň meşhur nakgaşlarynyň işleriniň ýanynda hem goýuldy.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05557 sek. ýüklenen baýt: 29902