Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Aşgabatda dünýä belli rus suratkeşleri Rerihleriň sergisi açyldy.
Ýazylan wagty: 20 ноября 2013 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde köpsanly sergiler we medeni çäreler geçirilýär. Onda diňe bir öz ýurdumyzyň suratkeşleriniň sergileri geçirilmän, eýsem daşary ýurtly suratkeşleriň eserlerinden düzülen sergiler hem ýygy-ýygydan guralýar. Şeýle sergileriň biri-de rus suratkeşleri Rerihleriň sergisidir.

Nikolaý Rerih. Atasynyň ugry boýunça Rerihleriň asly Skandinawiýadan gelip çykýar. Olaryň ata-babalary Russiýada imperator zenan Ýekaterina II döwriinde mekan tutupdyr. Suratkeşiň ejesi meşhur pskowly täjirler Kalaşnikowlaryň maşgalasyndan gelip çykypdyr.

Nikolaý Rerih Russiýanyň taryhyndan, onuň rowaýatlaryndan oňat baş çykaryp hem-de Gündogaryň taryhy we dini bilen gyzyklanyp, taryhy hem-de rowaýaty gahrymanlarda döwürleriň jümmüşinden gaýdýan we nesillere durmuş, ahlaklylyk hem-de borç barada nesihat berýän nyşanlary gördi. Eýýäm döredijilik ýolunyň başynda suratkeş taryhyň nyşanlary baradaky düşünjelerini beýan etdi. Uzak ýyllaryň dowamynda mowzuklar özgerdi we täze äheňe eýe boldy (Rus, Ýewropa, Tibet, Mongoliýa, Hindistan), ýöne özüniň muşdaklaryna zemin gözelliginiň keşpleri hem-de geçmişiň gahrymanlarynyň iň aýdyň işleri we adamzadyň ruhy gaýdu wsyzlygy bilen ýüzlenen suratkeşiň sesi üýtgewsiz galdy.

Aziýanyň halklarynyň şekillendiriş sungatyny içgin öwrenen nakgaş özüniň döreden suratlarynyň köpüsinde Orta Aziýanyň hem-de Hindistanyň rowaýat taryhynyň epiki sýužetlerine degişli kitap miniatýuralarynyň sahnalaryny hem-de keşplerini ulanýar.

Taryhy we rowaýaty sýužetlerden soň, ol watanyň keşbine, onuň milli binagärligine ýüzlenýär. Mysal üçin, Nikolaý Rerih Rusyň we Baltiýanyň orta asyr şäherleri boýunça sapary amala aşyryp, binagärlik etýutlarynyň toplumyny çekipdir, ol ata-babalaryň binagärlik sungatynyň hakyky senasyna öwrülipdir. Birnäçe wagt geçenden soň, ol bu syýasaty zyýarat diýip atlandyrypdyr. Häzirki wagtda meşhur binagärlik suratlarynyň hem-de etýutlarynyň toplumy gadymy rus arhitekturasynyň keşpleriniň tutuş panteony şekillendirilipdir.

Dürli ugurlarda bilim alan Nikolaý Rerih Gündogaryň taryhy bilen ýakyndan gyzyklanyp başlady. Ol Gündogaryň halklarynyň Russiýanyň we tutuş adamzadyň taryhynda ägirt uly orun eýeländigine oňat düşünýärdi. Beýik Sähranyň giňişlikleri, Merkezi Aziýanyň uç-gyraksyz çölleri birmahallar ägirt uly goşunlaryň we köp sanly halklaryň göçüp-gonan ýerine öwrülipdir. Bu jelagaýlaryň taryhy Nikolaý Rerih üçin iş mowzugy bolup hyzmat etdi. Nikolaý Rerih adamzadyň aňynyň göriplikden, açgözlükden we gahar-gazapdan saplanyp başlanmagyny hut parasatalylygyň we durmuş sadalygynyň saklanyp galan ýeri bolan Gündogar bilen baglanyşdyrýardy.

1925-28-nji ýyllarda Nikolaý Rerih Merkezi Aziýa, şol sanda Gimalaýlar, Tibet, Demirgazyk-Günbatar Hytaý, Mongoliýa we Daglyk Altaý boýunça deňi-taýy bolmadyk giň möçberli ekspedisiýany guraýar we geçirýär. Ekspedisiýanyň netijeleri boýunça ol Sikkimde "Uruswati" ylmy barlaglaryň Gimalaý institutyny (Rerihiň Nýu-Ýorkdaky muzeýiniň ýanyndaky ylmy edara) döredýär, şondan soň köp wagt geçmänkä bolsa Kulu jülgesinde (demirgazyk Penjap) mülk edinýär we şol ýere instituty göçürýär.

Suratkeşiň ömrüniň ahyryna çenli bu ýer onuň ikinji öýüne öwrüldi.

1930-1940-njy ýyllarda dünýäniň iň belent daglary suratkeşiň döredijiliginde esasy mowzuklaryň birine öwrüldi. Nikolaý Rerih panoramalaýyn kompozisiýa ýörelgesini seçip alyp we reňkiň nyşanyna hem-de psihologiýasyna uly üns berip, öz eserlerinde dag peýzažynyň ýeriň ruhubelentlik simfoniýasyna öwrülmegini gazanýar. Onda tebigy ýagdaýlar adamzat ruhunyň belentligine öwrülýär.

Bu ýerde, Gimalaýlarda, parasatly suratkeş bu dünýäni terk etdi.

Swýatoslaw Nikolaýewiç Rerih. Swýatoslaw Nikolaýewiç Rerih 1904-nji ýylda Sankt-Peterburgda doguldy. Surat çekmegiň ilklnji tälimlerini kakasyndan alýar.
Angliýada we ABŞ-da binagärllgi, şekil ýasamagy, sungatyň taryhyny, şeýle hem dürli çeperçilik mekdepleriniň tehniki usullaryny we stilistikasyny içgin örenýär, özüni teatr hudožnigi, portretçi we illýustrator hökmünde görkezýär.
1923-24-nji ýyllarda Hindistana syýahat edýär, Nepala we Butana barýar. Gündogar sungatynyň kolleksiýasyny ýygnap başlaýar. Ýerli ýaşaýjylaryň we zyýaratçylaryň suratlarynyň uly toplumyny döredýär. Alym hökmünde ýerli folklory öwrenip başlaýar.
ABŞ-da okuwyny tamamlap, gutarnykly Hindistana göçýär, şol ýerde ata-enesi bilen Kulu jülgesinde mekan tutýar hem-de "Uruswati" gimalaý barlaglary institutynyň işine girişýär.
Hindistan boýunça syýahat edýär, peýzažlary, žanr sahnalaryny, portretleri çekýär.
1945-nji ýylda hindi kinosynyň ýyldyzy Dewika Çoudhuri bilen maşgala gurýar. 1947-nji ýylda, kakasy aradan çykandan soň, Bangalora göçüp barýar, şondan daş bolmadyk ýerde Tatguni mülküni edinýär.
1960-njy ýylyň maý aýynda ýene-de watanyna barýar, şol ýerde Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde N.K. we S.N.Rerihleriň suratlarynyň sergisi açylýar, soňra bu sergi Leningrada geçirilýär. Şu döwürden başlap ol esasan hem sergiler we maslahatlar mynasybetli Moskwa şäherine yzygiderli barýar.
1960-njy ýyllarda suratkeş wagtynyň köp bölegini Naggarada geçirýär, şol ýerde Kulu jülgeslniň we oňa ýanaşyk ýerleriň gadymy medeniýetini öwrenýär.  "Kulu jülgesiniň sungaty" (1967) diýen monografiýany ýazýar.
1976-njy ýylda Hindistan bilen SSSR-iň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin Jawaharlal Neru adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolýar. 1978-nji ýylda SSSR-iň Çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzalygyna saýlanýar. 1984-nji ýylda ol Halklaryň dostlugy ordeni bilen sylaglandy.
1970-nji ýyllaryň ahyrynda - 1980-nji ýyllaryň başlarynda Swýatoslaw Nikolaýewiçiň işjeň gatnaşmagynda Bangalorda "Karnataka Çitrakala Parişad" çeperçilik merkeziniň gurluşygy başlanýar. Ol binanyň arhitektura taslamasyny döredýär we birnäçe ýylyň dowamynda gurluşyk işlerine ýolbaşçylyk edýär. Aurobindo Ghoşa adyndaky mekdebiň döredilmegine goldaw berýär.
1993-nji ýylda Bangalorda aradan çykýar. Özüniň Tatguni mülkünde jaýlanýar, häzir şol ýerde suratkeşiň döwlet muzeýi döredilýär.
Dünýä boýunça köp syýahat eden Swýatoslaw Rerih Hindistanyň açyklygy, däp-dessurlara eýerýändigi, bu ägirt uly ýurduň ýaşaýjylarynyň köpüsine mahsus bolan hoşniýetlilik üçin ony tüýs ýürekden söýýärdi. Hindistanyň raýatlary onuň suratlarynyň iň söýgüli mowzugyna öwrüldi. Olar keşpleriň we lybaslaryň dürli - dürlüliginde döredijilik üçln ägirt uly mümkinçilikleri açdy. Zenan gözelligine ýokary baha bermegi başarýan suratkeş bu ýerde söýgüli modelleri hem tapýar. Mysal üçin, gysga wagtyň içinde ol nusgawy hindi tansynyň mekdebini gaýtadan dikelden meşhur Roşan Wadžifdaryň suratlarynyň ýigrimiden gowragyny döredýär. Şunuň bllen blrlikde, Swýatoslaw HindlstanyA ajaýyp IşgärlerlnlA köpüslnl şekillendiren nakgaş hökmünde hem meşhurlyga eýe bolýar. Olaryň arasynda meşhur filosof, jemgyýetçilik we syýasy işgär doktor S.Radhakrişnan hem bar. Surat çekilen döwründe ol Hindistanyň wise-prezidentidi (soňra ýurduň Prezidenti boldy).
Okalan sany: 1044   Jogaplar: ( 4 )

NEXTTM
20 ноября 2013

NEXTTM
20 ноября 2013


Mayichka
20 ноября 2013

Menä bu suratkeşiň suratlarynda gatybir üýtgeşiklik görmedim. Ýöne saýtyň agzalaryna suratlary gelşikli goýanlary üçin sagbolsun aýdýaryn.

Mayichka
20 ноября 2013

Ýa-da men şekillendiriş sungatyna düşünmeýän bolmagym ahmal.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06364 sek. ýüklenen baýt: 39540