Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ak ýoldaky — ýagşy arzuwlar
Ýazylan wagty: 20 ноября 2013 Ýazan Mayichka

Ak ýoldaky — ýagşy arzuwlar


 


Lebap topragynda toýlar göreşsiz geçenok. Pälwanlara ýörite toý baýraklary bellenilýär. Şol baýraklary almak üçin bolsa pälwanlaryň çekeleşikli göreşine toýa ýygnanan mähelle uly şowhun bilen  tomaşa edýär.  Öz wagtynda Lebap welaýatynyň toýlaryny baglan ussat pälwan Nurjan Altybaýewiň gyzy Ruşana Nurjanowa bu günki gün ilimizde tanalýan türgenleriň biri. Onuň babasy Penji Zelilow  hem lebap  ilinde tanymal pälwanlaryň biri bolan. Kesp-kär elbetde, perzende geçýär, dowam etdirilýär.


 


Bu biziň Ruşana bilen ikinji duşuşygymyzdy. Daş sypaty, kaddy kamaty türgenlere meňzäp duran bu gyz bilen söhbetdeşligimiz bu gezek has hem täsirli boldy. Ruşana bilen adaty bir wagtda duşuşamzokdyk. Ol öňki gezek hem 2012-nji ýylda Türkiýäde geçen dünýä kubogynda birinji ýeri eýeläp, şol kubogyň eýesi bolan gezegi duşuşypdyk. Onuň ýeňişli ýollary ýene-de dowamly boldy. Bu gezek ol Kazanda Talyplaryň arasynda geçen  halkara Uniwersiadasyndan ýeňişli gelipdi.


Gollary berdaşly çeýeden çakgan Ruşananyň mawy gözleri manyly uçganaklaýardy. Göwnüňe bolmasa onuň gözlerinde «Indi ýeňiş üstüne ýeňiş bolar» diýen sözler bilen şöhlelenýän ýalydy. 


Hawa, Ruşananyň gözlerem, ýollaram şöhlelenýär. Hakykatdanam onuň ýeňişleri dowamly boldy. Ruşananyň sport älemine gelen ilkinji gününden NEXT.TM  saýtynyň okujylary üçin gysgajyk maglumat bermegi göwne makul hasaplaýarys.


Ruşana ilki Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň  14-nji mekdebinde okaýar , soňra  Türkmenabatdaky 17-nji mekdepde okuwyny  dowam etdirip, şol ýerde hem orta mekdebi tamamlaýar.  Ol dokuz ýaşyndaka  dzýudo  boýunça Köýtendagda Habibulla Hudaýbergenowyň tälim bermeginde türgenleşýar.  Ruşananyň ilkinji ädimleri ýeňişli başlanýar. On bir ýaşynda 29 kilogram agramlykda çykyş edip, dzýudodan Lebap welaýatynyň çempionatynda ýaryşda birinji hormatly orna mynasyp bolýar.


Ol  Leýla Arslanowanyň, Baýram Hallaýewiň hem tälimçiliginde birnäçe ýyl türgenleşýär. Bu bolsa onuň kämilleşmegine alyp barýar. Şol ýyllarda ol diňe bir dzýudo dan däl,  göreşiň sambo, kuraş görnüşleri boýunça-da birnäçe gezek üstünlikleriň eýesi bolýar.   Ruşananyň göreş aýratynlyklarynyň esasylarynyň biri hem onuň göreşiň sambo, kuraş görnüşlerini hem ele almagynda görünýär. Eýýäm ýaş gyz dürli görnüşler boýunça tälim alyp, olaryň birnäçe tilsimlerini, tarlerini ele almagy başardy.   2006-njy ýylda ol ilkjinji gezek dzýudo boýunçaTürkmenistanyň çempiony boldy. Ähli ugurda-da, ilkinji ýeňişler türgenleriň ýadyndan çykmaýar. Elbetde, ilkinji ýeňiş gelejekki uly ýeňişleriň açary bolýar. 2008-nji ýylda bolsa Ruşana sport ussatlygyna dalaşgäriň kadasyny doldurýar. Bu bolsa oňa sport sungatynda ýene-de öňe gitmäge itergi berýär.


Türkiýä döwletiniň Antaliýa şäherinde  dzýudo boýunça Ýewropanyň Kubogy ugrundaky» bäsleşik geçirildi. 32 döwletiň türgenleriniň gatnaşmagyna garamazadan,  howsalalanman, ruhdan düşmän  ikinji baýrakly ýere düşmegi başardy, kümüş medalyň eýesi boldy. Halkara derejeli sport ussadynyň kadasyny doldurdy. Bu ýeňiş Ruşana  ýeňil düşmedi. Yzygiderli, ýadawsyz  türgenleşikler,   öz netijesini berdi. Garşydaşyňy ýeňlişe sezewar etmek, birinji synanyşykda ýeňlip, haldan düşmek ýaly garşylyklaýyn pikirler Ruşanany ruhdan düşürmedi. Bu gezek bolsa ol Daşkent şäherinde 25 döwletiň  türgenleriniň gatnaşmagynda geçirilen  Aziýanyň çempionatynda sambodan göreşdi.  Bu ýaryş onuň üçin has hem şowly boldy. Ol birinji ýeri eýeläp, Aziýanyň çempiony boldy. Bu çempionat 2012-nji ýylda geçirildi. 


2012-nji ýylyň tomsy Ruşananyň durmuşynda ýatdan çykmajak  günleriň biri boldy. Bu ýylda ol Türkmenistanyň Milli  sport we syýahatçylyk institutynyň talyby boldy.  


2013-nji ýylda Kazan şäherinde bolan Talyplaryň halkara Uniwersiadasy Ruşana nobatdaky ýeňişi getirdi. Ol bu ýaryşda Bolgariýada, Kazagystandan, Hytaýdan gelen türgenleri bilen tutluşyp, olary ýeňmegi başardy. Ýöne Final duşuşykda ukrainaly türgenden güýji asgyn gelip, bu abraýly ýaryşyň hormatly ikinji ornuna mynasyp bolup, Watanymyza ýeňişli dolanyp geldi. Özbegistanyň Daşkent şäherinde iýun aýynyň 6-syndan 10-y aralygynda sambo boýunça Aziýanyň çempionatynda birinji ýeri eýeläp, altyn  medalyň eýesi boldy.  Şu ýylyň iýul aýynyň 7-sinden 17-si aralygynda  Koreýanyň Inçhon şäherinde söweş sungaty boýunça Ýapyk binalarda bolan  IV Aziýa oýunlaryna gatnaşdy. Bu ýaryş Ruşananyň ömürlik hakydasyna ýazylan bols agerek. Bu gezek Ruşana guşakly göreşiň alyş usulynda çykyş edip, birinji belarusly türgeni ýeňip, 2-njide Russiýadan gelen türgenden ýeňildi. Üçünji tutluşykda ol Slowakiýadan gelen türgeni ýeňdi. Şeýdibem üçünji ýere düşdi.


Häzirki wagtda ol ussat tälimçiler Omar Mämmetnazarowyň, Çemengül Geldibaýewanyň elinde tälim alýar.  Şu ýylyň sentýabr aýynda bolsa Taýwanda 25 döwletiň türgenleriniň gatnaşmagynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu çempionata hem Ruşana gatnaşmak miýesser etdi. Onuň  gyrgyz türgeni bilen ilkinji tutluşygy şowly boldy. Ony üç sekuntda ýeňmegi başardy. Ýöne gynansagam,  ýapon hem-de koreý türgeninden onuň güýji asgyn gelip, bäşinji orna düşmeli boldy.


Häzirki döwürde ol institutda göreldeli bahalar bilen okamaga çalyşýar hem-de  gelejekde halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny dowam etdirmegi maksat edinýär.  Türkmeniň Ýaşyl Tuguny dünýäniň dürli künjeginde pasyrdatmagy, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bedew bady bilen ösýän sportuny äleme ýaýmakda özüniň gujurny, ukyp-başarnygyny, zehinini sarp etjekdigini ynandyrýar.


 


 


 


 


 


 


Okalan sany: 493   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05901 sek. ýüklenen baýt: 41213