Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Magtymguly pragy- Näme Sen...
Ýazylan wagty: 21 ноября 2013 Ýazan NEXTTM

Näme Sen
Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!
 
Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!
 
Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!
 
Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!
 
Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!
Okalan sany: 1391   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
21 ноября 2013


Meniň gowy görüp ýatdan bilýän goşgymy ýazanyňyza sagboluň.

NEXTTM
22 ноября 2013

Sag bolun!  Hormatly agzalar gelin ghoshgydyr, degishmeler we gyzykly yatlamalar kimde bar bolsa paylashsak  gyzyklyja bolardy, bashladyk onda......


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05873 sek. ýüklenen baýt: 32425