Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täze ýyldan Türkmenistanda aýlyk zähmet haklary 10% ýokarlanar
Ýazylan wagty: 10 октября 2020 Ýazan Merwww
Täze ýyldan Türkmenistanda aýlyk zähmet haklary 10% ýokarlanar

Täze ýyldan başlap, Türkmenistanda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary 10% ýokarlanar. Bu baradaky Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 9 aýynyň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde gol çekdi.

Karara laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, edaralaryň, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň işgärleriniň aýlyk haklary, şeýle hem pensiýa, döwlet kömek pullary we talyp haklary 10% ýokarlanar.

Resminamada Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň iň pes pensiýa haky 1,557 manat, urşa gatnaşyjylaryň yzynda galan ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň iň pes pensiýa haky aýda 457 manat diýlip kesgitlenilýär.

Şeýle hem pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 372 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 354 manat möçberlerinde bellendi. Türkmenistan boýunça iň pes zähmet haky bolsa, 957 manat möçberde kesgitlendi. Mundan başga-da, Türkmenistanda iň pes aýlyk haky 957 manat diýlip kesgitlenildi.

Aýlyk hakynyň ýokarlanmagy kärhanalaryň işini gowulandyrmagyň we içerki ätiýaçlyklary ulanmagyň hasabyna üpjün ediler.

HALANLARYMA GOŞ
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07935 sek. ýüklenen baýt: 29847