Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
HYY we ÖU we Strasburg uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
Döwlet habarlar gullugynyň habaryna görä Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Strasburg uniwersitetiniň (Fransiýa) wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

Strasburg uniwersiteti tarapdan Halkara gatnaşyklar bölüminiň wise-prezidenti Iren Ýakoberger we  halkara taslamalar boýunça işgäri Aureliýen Jordaniý, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň prorektorlary Gowker Akmuradowa we Nurmuhamhammet Şyhlyýew wideo maslahata gatnaşdylar.

Iki ýurduň uniwersitetleriniň wekilleri gözleg we bilim merkezleriniň gurluşy we işi barada maglumat alyşdylar, şeýle hem akademiki alyş-çalyşlaryň geljegine garadylar. Onlaýn duşuşykda Halkara Ynsanperwer ylymlary  we ösüş uniwersiteti bilen Strasburg uniwersitetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06333 sek. ýüklenen baýt: 29497