Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
YŞGYŇ SERHEDI
Ýazylan wagty: 22 ноября 2013 Ýazan NEXTTM



YŞGYŇ SERHEDI


  • Men seniň taýyňmy, syrym bar saňa,
  • Özgelere açylmadyk, barmadyk.
  • Dutaryň kirşine entek girmedik,
  • Şygryň sözlerinde ýaýmadyk, ganat.

  • Hem bagşyň sesinde gaýnap görmedik,
  • Kebelek deý sähralarda seýl edip,
  • Arşy duýgularyň perdesin gyrjak,
  • Hem göwnümde durjak: taýymmy ýa-da
  • Taýym bolmasañ-da, synym bar, saňa.

  • Begresin çykaran baglaň astynda,
  • Ikimiziň pyşyrdymyz garyşdy,
  • Demimiz sazlaşdy, Gözleň arasy
  • Ýa-ha  bir seredi, ýa bir garyşdy.

  • Şeýle ýakyn durup bormy adama,
  • Eý toba Sen adammy ýa ahwalmy ?
  • Sesim tutuş öwrüldi seň adyňa,
  • Ýöne öwürmäýin saňa ykbalmy?!
  • Durmuş başga zat ahbetin, ezizim,
  • Durmuş bizi sil deý sylap goýmaýar.

  • Dur, Agzyňdan çykmasyn hiç söz, hyýal.
  • Men hazir öwrüldim, ölüp bilmeýän,
  • Bakylyga çalşylan bir adama.
  • Git,öýüňe,janym, aýyp bor diýip,
  • Aýralygyň köprüsinde aldama.

  • Gaýta meni bu kenarda güýme-de,
  • Sal, pyşyrdylaryň baryn ýadyma.
  • Men seň demiň içre ýüzüp ýörün ýa,
  • Ya-da sen meň gözüm içre ýüzýärsiň.

  • Güýzüň tallarynda batly bat ala,
  • Şemal ýazgarmaly boljak günäsin,
  • Iki göwräň! deýin men, şeýle-dä.
  • Şelpesi naşyja yşgyň agajy,
  • Göwrämizi dolap alyp, neýle-dä?

  • Şeýle datly eken yşgyň tagamy,
  • Seni gözýaş içre ugradyp bilmen,
  • Entek-entek göz-gaşlarmyz bakýarka,
  • Bir-birege,teşne hemem mähriban.

  • Yşgyň güýji ikimizi taşlaýsa,
  •  şonda, şonda görsüň tomaşa.
  • Häzir welin, Häzir welin arada,
  • Ýa-ha bir garyş bar, ýa bir sere bar.

  • Ikimiziň aramyzda gylyçly,
  • Hem gaýyş ädiklihaýbatly bir şa
  • Eýläk beýläk, eýläk-beýläk gatnaýar.
  • Men seň bilen hoşlaşamok entekler,
  • Demiň bilen meň demime duwlanýaň.

  • Bagyşla,şygrymyň teşne owazy,
  • Hemem demim dartyp barýa howaňy,
  • Bu lebler lebiňe degip bilenok,
  • Sesiň meň sesime garylsa-da, ýar!
  • Söýgi bolsa,
  • Söýgi bolsa, şol arada gatnaýan,
  • Haýbatly ölüp, ýarylsa-da bar...


Okalan sany: 847   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
22 ноября 2013

Goşgy gowy, ýöne surat ondanam gowy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07418 sek. ýüklenen baýt: 38494