Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
DERDE DERMAN — DÜÝE ÇALY
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
DERDE DERMAN — DÜÝE ÇALY

Düýe süýdi, çaly özboluşlylygy, düzümi, melhem aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bizde bir sagymda 2,5 litr, goýulygy 3,8 göterime barabar süýt berýän türkmeniň arwana tohumyndan bolan düýeleriň görnüşleri bar. Düýe süýdi we çaly diýseň peýdalydyr.

Onuň düzüminde sygyr süýdüniňkä garanyňda C we D witaminleri üç esse köp bolup, bedende süýt önümleriniň özleşmegine päsgel berýän laktoza az we allergiýa sebäp bolýan kazein ýok diýen ýaly, örän az mukdardadyr. Düýe süýdüniň hem-de ondan taýýarlanylýan çalyň, agaranyň, gaýmagyň türkmen saçaklaryny bezeýän hem-de köp isleg bildirilýän iýmit önümleridigini belläp geçmeli. Döwlet tarapyndan düýedarçylyk önümleri bolan düýe çalyna, agarana, gaýmaga degişli döwlet hil derejesi işlenip düzüldi hem tassyklanyldy. Düýeleri ösdürip ýetişdirmek türkmen maldarlarynyň öňden gelýän ugrudyr. Häzirki wagtda bu pudak bejeriji häsiýetli azyk önümleriniň möhüm çeşmesi bolup durýar.

Türkmen topragynyň tebigy içgileriniň içinde, tomsuň jöwzaly yssysynda teşneligiňi gandyryp bilýän içgi bar bolsa, şolaryň biri müň derdiň dermany düýe çalydyr. Düýe süýdünden çaldan başga-da, agaran alynýar.

Çaly taýýarlamak üçin gerek bolan süýdi sagylanyndan soň uly syrçaly pitilere ýa-da küýzelere guýýarlar. Süýdi öz-özünden gazlaşdyrmak we turşatmak üçin 4-12 sagatlap 20-25 derejedäki gyzgynlykda basyrylyp goýulýar. Çalyň agarany ýüzüne galyp, çalyň özüne mahsus ýakymly ysy peýda bolanda, çal taýýar diýip hasap edilýär. Ine, diňe şondan soňra gaby hiç bir tarapa çaýkaman, seresaplylyk bilen ýüzüniň agarany alynýar, çal bolsa şol gabyň içinde galýar. Şeýlelikde, düýäniň süýtturşy önümi — çaly taýýar bolýar.

Halk arasynda “Düýe malym — dünýe malym” diýilýär. Düýe çaly diňe teşneligi gandyrmak bilen çäklenmän, öýken-böwrek keselleriniň bire-bir emi hasaplanýar. Çal endamy berkidýär, taplaýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05855 sek. ýüklenen baýt: 30570