Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
AJAÝYP SOWGAT BOLDY
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
AJAÝYP SOWGAT BOLDY

Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan döreýän ajaýyp eserler bütin halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýakynda lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ajaýyp kitabynyň 12-nji jildiniň çapdan çykmagy il-günümizde, aýratynam, ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärlerinde buýsanç duýgusyny döretdi.

Golaýda Mary şäher iç keselleri hassahanasynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň täze — 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabarada welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Saparowa, Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň bölüm müdiri Çarymyrat Annamuhammedow, welaýat onkologiýa hassahanasynyň şepagat uýasy Zöhre Agajanowa, Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa çykyş etdiler. Çykyşlarda täze kitapda 120 sany öň öwrenilmedik ösümlige giňişleýin maglumat berlendigi, her bir öwrenilýän dermanlyk ösümligiň türkmençe, latynça, rusça atlarynyň görkezilendigi barada buýsançly gürrüň edildi.

Dabara gatnaşyjylar bu ajaýyp sowgady üçin lukman Arkadagymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimize gymmatly eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08934 sek. ýüklenen baýt: 29949