Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
HATARLARY SAPLAP BARÝAR
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
HATARLARY SAPLAP BARÝAR

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny täze tehnikalar bilen üpjün edýär. Kuwwatly hem ýokary iş öndürijilikli tehnikalar bolsa, işleriň çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine şert döredýär. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň pagta ýygymyna girişilen ilkinji günlerde hem pagta ýygýan kombaýnlaryň bir tapgyry welaýatymyza gelip gowuşdy.

Baýramaly etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň “ak altynly” atyzlarynda olaryň birnäçesiniň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Her günde onlarça gektar meýdanyň akja hanalaryny isripsiz ýygyp, harmanlary emele getirýän kombaýnlaryň birine Merdan Taganýazow ökdelik bilen erk edýär. Ýetişdirilen pagtany isrip etmän ýygýan tehnikanyň iş çalşygynyň sürüjisi Begli Belliýewiň hyzmaty hem möhüm işde az däldir. Ol halypasynyň “ak altyn” ýygyp, bereketli harmanlary emele getirişi ýaly, işinde ýer eýeleriniň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar.

Welmämmet Ibragimowyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparyndaky ýer eýeleri Amanbibi hem-de Bägül Çaryýewalaryň hersine degişli bir gektar meýdanyň ak patrak ýaly açylan hanalary isripsiz ýygylyp barýar. Pagtanyň bereketlidigine guwanýan hünärmen Çerkez Şemetow her gektardan 30 sentnerden pagta ýygyljakdygyny ynam bilen nygtaýar. Daýhan birleşiginiň başlygy Daňatar Saparow:

— Jemi 1280 gektar ýerimizde rysgal-döwletli pagta hasyly ýetişdirildi. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kombaýnlaryny saz we bökdençsiz işledip, ählihalk baýlygyny çalt depginde ýygarys we döwlete tabşyrarys. “Ak altyny” ýetişdiren pagtaçy kärendeçilerimiz Gahryman Prezidentimiziň özlerine edýän kömek-goldawlary üçin alkyş sözlerini aýdýarlar. Oba hojalygyna, zähmetsöýer adamlara yzygiderli ýardam berilýändigi bizde has-da ýokary ruhubelentlik döredýär — diýip, buýsançly gürrüň berýär.

Topar ýolbaşçysy Welmämmet Ibragimow Näzmelek hem Dürbibi Ibragimowalaryň hersiniň 2,5 gektar pagta ýerleriniň bardygyny, onuň hasylynyň arzuw edilişi ýaly bolandygyny nygtady. Bu hasyl ussatlarynyň hem her gektardan 40 sentnerden “ak altyn” almak we Watanymyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşmak arzuwlary bar.

Şu pursatda bereketli ýeriň gyrasynda iki sany tirkegli traktor gelip saklandy. Tehnikanyň mehanizatory Şatlyk Agaýew ýygylan pagtany Baýramaly pagta arassalaýjy kärhanasynyň kabul ediş bölümlerine daşaýandygyny mälim etdi. Ol pagtany isripsiz daşamakda bökdençlik döredenok. Öz kärhanalaryna degişli tirkegli traktorlaryna erk edýänleriň üstünligini özlerine hemra edinýändigini, işleriniň gije-gündiz ýerine ýetirilýändigini gürrüň berdi. Elbetde, şu jogapkärli möwsümde wagtyň her minudy gymmatly.
Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06371 sek. ýüklenen baýt: 31323