Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
KITAP — YNSANYŇ KÖŇÜL NAGŞY
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
KITAP — YNSANYŇ KÖŇÜL NAGŞY

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň halkymyzyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine mynasyp goşandyny goşjak eserleriň hatarynda durýandygyny bellemek buýsançlydyr.

Çuňňur paýhasa ýugrulan eser on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler giňişleýin beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp täze kitabynda ygtybarly taryhy çeşmelere, çuňňur ylmy seljermelere daýanýandygy, ondaky gyzykly rowaýatlaryň okyja erkin pikir ýöretmäge mümkinçilik berýändigi bellenilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek üçin bahasyna ýetip bolmajak çeşme bolup durýandygy aýratyn nygtalýar.

Arkadag Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda öz halkyna sowgat eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň guwançly wakalarynyň biri boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemala gelip, ýiti galamynyň astyndan çykan we okyjylar köpçüligine gowşan bu gyzyldan gymmatly eseriň şu günki we ertirki nesilleriň ýol-ýörelgeleriniň we ahlak sütünleriniň dowamlylygyny alamatlandyrýandygy guwandyrýar.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze kitap halk pähimlerini özünde jemläp, olary çeper beýan edýär. Bu bolsa ýaşlar üçin ýokary aň-bilim we terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aňladýar. Şeýle hem bu eserde durmuşyň gönezligi, durmuşda ylym-bilimiň ähmiýeti, gadymy halkymyza asyrlarboýy mahsus bolan myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, zähmetsöýerlik, agzybirlik ýaly düşünjeler dogrusynda gyzykly gürrüň berilýär.
Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08140 sek. ýüklenen baýt: 30577