Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BAGTLY GELJEGIMIZIŇ BINÝADY BERKEÝÄR
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
BAGTLY GELJEGIMIZIŇ BINÝADY BERKEÝÄR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli, il--gün bähbitli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu umumymilli forumda Arkadag Prezidentimiz eden taryhy çykyşynda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde durýan wezipeleriniň üstünde durup geçdi. Şeýle hem şu mejlisde 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga berlen konstitusion özgertmeleriň jemlerine garaldy. Bilşimiz ýaly, konstitusion özgertmeleriň barşynda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Netijede, Konstitusion toparyň 3-nji mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyp, metbugatda çap edildi hem-de ara alyp maslahatlaşmak üçin halk köpçüligine hödürlenildi. Şu resminamada-da dünýä tejribesi, gelip gowşan teklipler nazara alnyp, milli Liderimiziň teklip eden iki palataly ulgama geçmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly başlangyçlary öz beýanyny tapdy.

Gürrüňi edilýän mejlisde döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşýanlaryň garamagyna Konstitusion Kanunyň taslamasyny hödürledi. Taryhy mejlisde Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň demokratik ýol bilen öňe gitmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli ýyl bolan 2020-nji ýylda türkmen halky giň gerimli özgertmeleriň depginli ösüşleriň aýdyň ýoly bilen abadan ertiriniň binýadyny berkden tutýar.
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07233 sek. ýüklenen baýt: 30354