Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
DÖWLETIMIZE DÖWLET GOŞDY
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
DÖWLETIMIZE DÖWLET GOŞDY

Şahyryň:
Ogul boldy. Çapyp gitdi çagalar,
«Buşluk!» sözi gapy-gapy aýlandy —

— diýen goşgy setirleri hakydama dolanda, çaga wagtlarymyz ejelerimiziň, enelerimiziň: «Pylanynyň ekiz çagasy bolupdyr, üçem ogly ýa-da üçem gyzy bolupdyr» diýip, bir-birege aýdyşýan hoş habarlarynyň asyl manysyna düşünmesegem, çar tarapa buşluga gidip, elimize nogul-nabadyň bol berlip, yzymyza begenip gaýdýan günlerimiz ýadyma düşýär. Elbetde, akja bäbejigiň dünýä inmegi her bir mukaddes ojakda ata-enäniň ak arzuwlarynyň hasyl bolup, söýgi daragtynyň miweläp başlamagynyň nyşanydyr. Durmuşda şeýlebir bagtly günler ýa-da ýatda galyjy wakalar bolýar. Hatda şeýle ýagdaýlary söz bilen beýan etmegem aňsat däl.

Ýaňy-ýakynda Sakarçäge etrabynyň Hojadepe geňeşliginde ýaşaýan Durmuş Çaryýewleriň döwletli maşgalasynda üçem ogul perzendiniň dünýä inmegi diňe bir bu maşgala agzalary, oba adamlary üçin däl, eýsem, tutuş welaýatymyzyň ilaty üçin hem şatlykly habar boldy. Şeýle hoş habary eşidip, bu döwletli maşgala baranymyzda, öňümizden ýylgyryp çykan Gülnabat daýzanyň «Hudaýa şükür, öňem alty agtygymyzyň bolmagy, indi üçem çaganyň dogulmagy döwletimize döwlet goşan ýaly boldy» diýen sözleri gelenlere toý şatlygyny paýlady. Indi, tüweleme, bu mukaddes ojakda bäş ogul perzendiň kemala gelşi, olaryň öýli-işikli bolşy, bäş gelniň agzybirlikde gaýynlaryna hyzmat edişi göz öňüňde janlanyp, arzuwlar dünýäsiniň giň ummanyna biygtyýar gireniňi duýman galýarsyň. Öýüň giň törüni bezäp oturan ak sallançaklary süýji arzuwlara ýugrulan, şirinden-şirin hüwdüsi bilen bagtyýar halda üwräp oturan Ejegyz gelnejäniň ýüzünde bagt we buýsanç duýgulary bar. Öýüň içinde pessaý äheňde ýaňlanýan hüwdi sesi gapydan giren adamyň kalbyny gozgalaňa salýar. Şol pursat bolsa şahyryň:

Perzendiň üstüne gerip döşüni,
Sypap onuň gulpagyny, gaşyny,
Gözünden akdyryp guwanç ýaşyny,
Eneler hüwdini döredipdirler.

Enäň hüwdüsinden döräpdir aýdym,
Atanyň andyndan dörän namys-ar.
Goşa gudrat gaýnap dursun gursakda,
Adamlygymyz şolar bilen tanalýar! —

— diýen goşgy setirleri hakydaňa dolýar. Dogrudan-da, dünýä inen bäbejigiň ilkinji eşidýän sözi mukaddes ene hüwdüsinde jemlenendir. Ýagşydan-ýagşy arzuwlara beslenen, eneleriň hoş owazly hüwdülerine maýyl bolan perişdeler çaga ýagty ykbaly, bagtly durmuşy arzuwlar ekenler. Mähriban enelerimiziň ýürek arzuwlary siňen, dünýäniň gaýtalanmajak kämil eseri bolan hüwdüler her bir ynsanyň gulagynyň ganmajak owazydyr. Öz perzentlerine ak ýoly arzuw edip, bäş ogul perzendine guwanyp, keýpiçag bolup oturan Ejegyz gelneje öz ýürek buýsanjyny biz bilen paýlaşdy:

— Köp çagalylyk — döwletliligiň alamaty. Meniňem döwletli maşgalamda «Ogul — döwletiň başy...» diýlişi ýaly, iki oglum — Daýanç jan we Kerim jan döwletimiziň başy bolup dünýä indi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda üçem ogul perzendimiň dünýä inmegi bolsa, bagtyýar maşgalamyz üçin ýatdan çykmajak bagtly wakalaryň biri boldy. Bäbejiklerimize Muhammet, Hezret, Aly diýip at goýduk. Üçem ogul perzendimiň bolmagyny hormatlap, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite toý sowgatlarynyň gowşurylmagy maşgalamyzda iň bagtly pursatlaryň biri boldy. Elbetde, öýüňde ak sallançak üwrelip duranda, çagalaryň jägildeýän sesleri eşidilip duranda ene üçin şondan uly bagt ýokdur. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
Söýüň çagaňyzy!
Söýmekden armaň!
Säherler oýanyp, öpüň bir salym —

— diýip, belläp geçişi ýaly, enäniň kalbynda besleýän arzuwlary yzy üzülmeýän köken mysaly bir-birine sepleşip gidýär. Bäş ogul perzendimiň ak mekdebe gidip, gowy goşgulary, aýdymlary öwrenip, bir-birilerine bäsdeş bolup, aýdyp berişleri ýadyma düşende göwnüm ganatlanýar. Watan gullugyna gidip, abraý alyp, Watanymyza, il-ulusymyza, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmagyny ene ýüregimden arzuwlaýaryn! Haçan-da, öýümden mähirli gelinleriň girip-çykyp, ýeňlerini çyzgap, hyzmat edip ýören pursatlaryny göz öňüne getirenimde bolsa, şol bagtly günlere howlugýaryn — diýip, kalbyndaky süýji arzuwlary beýan etdi.
Akja sallançaklary bezäp ýatan Muhammet, Hezret, Aly atly bäbejikleri ýüzüme sylyp, men Ejegyz gelnejä: «Tüweleme, atlaryna eýe bolsunlar, eziz Watanymyza wepaly ogullar bolup ýetişsinler!» diýip, döwletli maşgalada agzybirligiň höküm sürmegini, bala-çagalaryna guwanyp, bagtly ýaşamagyny arzuw etdim.

Dakyň çagaňyza iň ajap ady,
Seçip-saýlaň täzesinden-täzesin.
Ýöne çagaňyzy at bezäp bilmez,
Goý, çagaňyz öz adyny bezesin...

Hawa, mähriban käbelerimiz — Arkadagymyzyň peşgeş beren bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanjy, mukaddes ojaklarymyzyň daýanjy. Eneler — ýaşaýşymyzyň özeni. Dünýäniň ähli gowy arzuwlaryny kalbynda besleýän eziz enelerimiz hiç wagt ynjamasyn!
Mukaddes ojaklarymyzda ene hüwdüleri, mähriban balalaryň şadyýan gülküleri hemişe ýaňlanyp dursun! Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12183 sek. ýüklenen baýt: 34002