Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÇOPAN HALKY ÇEÝE BOLAR,ÇUS BOLAR
Ýazylan wagty: 17 октября 2020 Ýazan Merwww
ÇOPAN HALKY ÇEÝE BOLAR,ÇUS BOLAR

Eline galam alyp, döredijiligiň kötelli, kyn ýolunda halypaçylyk maslahaty bilen kömek edip, ýaşlaryň zehininiň oýanmagyna, ýitileşmegine ýakyndan ýardam berýän halypalaryň biri bir gezek täsin bir soragy orta goýdy: “Çöldäki çopan, lukman, däri-derman ýok ýerinde saglygyny neneňsi goraýar?”. Adam ýok ýerinde, iňläp ýatan çölde ýeke galansoň, çopan etini gataldyp ykjamlanar, çeýe bolar, çus bolar. Mallaryna sak, saglygyna bek bolar. Sähel ýaltaçylyga, äwmezlige ýol berseň dürli kesel töweregiňde pyrlanyberer. Iň bärkisi, çölüň gurdy näme, şolam depede bukulyp çopany synlar. Itler bilen işem ýokdur. Çopan ýalta bolsa gözüniň alnyndan mallaryny daşap zaýalamak bilen bolar.

Çopan tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýar. Tomus paslynyň epgegi, ýalny içinden geçmez ýaly kellesi çöwürme telpekli, egni pagta güpbülidir ýagyrnysyny şorladyp, “Ýaz ýapynjaňy ýanyňdan goýma, gyşam özüň bil” diýer. Derläp gelip buzly suw içip, sowadyjynyň sowuk üfleýän ýerinde ýatar ýaly mümkinçiligem çölde ýok. Goş tutjak ýerinde sürini 3-4 gezek öwrer. Maýda-çüýde mör-möjekler malyň aýagynyň aşagynda kül bolar. Çatmasynyň, çerteginiň, gerdeginiň daşyna bosagasy bilen geçiň çöpürinden işilen tanap ýüp aýlar, “uzyn möjek”, “janly gamçy” girmez ýaly. Nahardan doýup üstüne ýatmaz--da, mis tüňçäniň çaýyny iki sapar boşadyp, süriň daşyna 3-4 gezek öwrüm berer. Ýatanda-da goşaryna nançyny daňyp uklar.

Säwlik bilen sökellige sataşyp, kellesi agyrsa içýaga dolap 3-4 sany gyzyl burç iýip, sazak bilen üzärligiň tüssesinden öwran-öwran dem alar, gözüni ýaşardyp. Ýagşa-gara galyp damarlary sowuk çekse, goýnuň guýruk ýagyny gandymyň közüne jyzyrdaýança tutup,üşän damarlaryny ýag bilen owkalar. Dabanyny köze tutup 1-2 sagatlap çaý içer. Gyzyl burçy suwa ezip, myžžardyp, ýeke gat mata dolap dabanyna daňar-da üstünden dolak dolar, ýa jorap geýer. Iýeni siňmese çomuç iýer, bu nahardan o nahara çenli tolorsakdaky, meşikdäki goýuja, turşuja narpyz garylan küremezinden içip gezer. “Çopan halky çoka bolmaz” diýlenini edip, çüm-süm edip iýmez-de, iner otlan ýaly edip iýenini guba çägede mal yzynda ylgaşlap siňdirer. Guragyry peýda bolsa gyzgyn çägä gömüler. Böwregine borjak, tapmasa demirtiken içer, dişine degirmän. Içagyra bir çümmük üzärligiň garaja dänesini, ýaltalyk basmarlasa topalagyň köküni gaýnadyp sowansoň içer.

Aýda kellaýak bişirner, iş edinip. Zol-zolam sapanlap alar, gapanlap tutar-da çölüň derman çöpüni çürtýän jandarlaryň aw etinden doýar. Ýaltalyk edilip kakylyp-silkinmän ýazylan goşuň içinde gizlenip galan möý-içýan, ýylan çakaýsa şol ýerini çalaja dilip, öl üzärligi, ýok bolsa gury üzärligi gaýnadyp bir gysymyny şoňa ýapar. Oň üstünden goýny soýup, gyzgyny bilen kiçi garnyny arassalaman, ýaňky ýaraly ýere ýapar-da daňyp goýar. Duýdansyz gorka galyp (bilmän eýeli ýerde ýatyp tursa) gije gara basyp, tisginip tursa, täze soýlan malyň ýüregni damagy çalnan badyna sogrup öz ýüreginiň üstünden daňyp “ýüreklener”. Eline-ýüzüne demrew, iteşen örse, goturlasa düýäň gäwüşiniň köpügni, atyň agzynyň köpügni çalar-da siňensoň, üzärlik garylan çoganyň suwuna ýuwnar. Bili agyrsa düýe ýüň guşak, dyzy agyrsa düýe ýüň dyzlyk daňynyp gezer, birsellem. Gözi agyrsa çig bagyr iýer, kelepçäniň dänesini gözüne oklap ýatar. Dişagyra sataşsa ojaryň közüni çaýly käsä atyp 3-4 ýola agzyny çaýkar.

Galyberse-de, täze etiň gaýnatmasydyr şorsuwy, bagyr kebabydyr ganlyja çişligi, gömme nan bilen ýaglyja gowurdak iýip, üzme gutdan geregini edinip, mis tüňçäniň çaýyna ýandagyň köküdir borjagyň dänesini atyp içip, arassa howada mydama hereketde bolup ýörseň, kesei golaýyňa gelmez. Megerem, ata-babalarymyz şonuň üçin “Çopan halky çeýe bolar, çus bolar” diýendir. Halkyna atalyk mähri bilen garap, “II saglygy — ýurt baýlygy” diýýän mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk otlary” kitabyndaky derman ot-çöplerden ulanýan gumlular, kitaba salgylanyp öz öýlerinde “çöl dermanhanasyny” ýasap, Arkadagy alkyşlap, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly zähmet çekip bagtyýar ýaşaýarlar.
Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07913 sek. ýüklenen baýt: 32905